Orazaňyz kabul bolsun!
13.04.2021
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyza 30 ýyl dolýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz ähli türkmeniň ykbalyna, bagtyna, ruhy dünýäsine nur çaýdy. Garaşsyzlygymyza, baky Bitaraplygymyza eýe bolanymyzdan soňra, gadymy däp-dessurlarymyz, edim-gylymlarymyz, milliligimiz gaýtadan dikeldildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda bu ýol-ýörelgeler has-da döwrebap öwüşginlere eýe boldy. Şolaryň biri hem oraza tutmak, agyz beklemekdir.
Mukaddes Oraza aýynyň gelmegi bilen külli musulman dünýäsinde bir aýlap dowam edýän agyz beklemek dessury, diňe bir bedenimizi däl, kalbymyzy, ruhumyzy päkläp, bir-birege bolan mähir--söýgimizi, ynsap-imanymyzy oýarýar, kämilleşdirýär. Bizi beýik Biribara golaýlaşdyrýar. Bu aý Taňrynyň öz eziz gören adamlaryna sahawaty, haýyr-sogaby bagyş etmeginiň alamatydyr. Bu barada akyldar şahyr Magtymguly atamyz:
Ýigrimi dört sagatda, on iki aýda,
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn —
— diýip, Remezan aýyny ähli aýlaryň seresi hasaplapdyr. Oraza tutmaklygyň manysy ruhy päkligiňi gazanmak, nebsiňi jylawlamak diýmekdir. Rowaýata görä, beýik Allatagala nebsinden: «Sen kim? Men kim» diýip sorapdyr. Nebis: «Men-ä men, Senem sen» diýip, jogap beripdir. Şonda külli älemleri ýokdan bar eden Rebbimiz nebsi bir aýlap aç-suwsuz daňyp goýmagy emr edipdir. Jeza tamamlanandan soň, nebsi huzuryna çagyryp ýene-de: «Sen kim? Men kim» diýip sorapdyr. Şondan soň nebis: «Sen-ä meniň eýäm, menem seniň guluň» diýip, jogap beripdir.
Gahryman Arkadagymyz Oraza baýramynyň her ýyl ýurt agzybirliginde, bütin halkymyzyň abadançylygynda giňden bellenilip geçirilmegi üçin ýörite Permana gol çekip, baýramçylyk gününi yglan edýär.
Remezan aýy hakykatdan hem arassaçylygyň we päkizeligiň aýydyr. Bu aý ynsan kalbyny päkizelige, ýagşy niýetlilige, päk ýüreklilige, haýyr-sahawata çagyrýar. Bu aýda her bir maşgala bir saçagyň başyna jemlenip, agzaçar edilip, nahar-şor iýilýär. Bagtyýar halkymyz Remezan aýynda ähli öý-ojaklaryň agzybirligini, rysgal-berekedini,Watanymyzyň asudalygyny, döwlet berkararlygyny, ýurt abadançylygyny, gülläp ösüşi we bagtyýar geljegi arzuwlap, ýagşy dileg-doga, aýat-töwir okaýar.
Ajap eýýamda hormatly Prezidentimiz geljegimiziň eýeleri bolan bagtyýar nesilleriň ruhy terbiýesiniň gönezligi hasaplanýan milli däp-dessurlary dikeltmek we halk köpçüligine ýaýratmak üçin uly alada edýär.
Ähli aýlaryň ýagşysy, serweri hasaplanýan bu mukaddes aýda agzybir hem asuda durmuşda ýaşaýan mähriban halkymyz Arkadag Prezidentimiziň saýasynda gözel Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin ýagşy dilegler edip, agyz beklär. Goý, her birimiziň etjek ýagşy amallarymyz, doga-dileglerimiz beýik Allanyň dergähinde kabul bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman, tutumly işleri rowaç bolsun!
Mübärek Remezan aýynda eden doga-dilegleriňiz, tagat-ybadatlaryňyz kabul bolsun!
Gadam ATAJANOW.
Welaýatyň baş ymamy.