Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Biz barada

1. Umumy bölüm

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryny, kararlaryny, buýruklaryny hem-de welaýat häkiminiň kararlaryny, buýruklaryny we aýratyn tabşyryklaryny welaýat häkimliginiň bölümleriniň, şäher we etrap häkimlikleriniň, edara ýolbaşçylarynyň dykgatyna ýetirýär we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär.

2. Hasapçylyk bölümçesi

Gelip gowuşýan pul serişdelerini, haryt-maddy gymmatlyklaryny, ýangyç we esasy serişdeleri doly hasaba almagy, şeýle hem olaryň hereketi bilen baglanyşykly işleriň buhgalteriýa taýdan hasaba almakda.

3. Abadanlaşdyrylyşa gözegçilik edýän bölüm

Abadanlaşdyrylyşa gözegçilik edýän bölüm-sebitleriň arassaçylyk ýagdaýyna baha bermek, edaralaryň we şahsy adamlaryň arassaçylyk kadalaryň bozulmalaryň ýüze çykarmak, olary düzetmek boýunça zerur çäreleri görmek

4. Işgärler, geňeşlikler we häkimligiň edaralarynyň işlerini utgaşdyrýan bölümi

Gerek bolan bilim, hünär derejesi, belli bir kär, hünär ýa-da wezipe boýunça welaýat häkimliginiň işgärler bilen üpjün edilmegine ýolbaşçylyk edýär. Welaýat häkimliginiň düzüm birlikleriniň, geňeşlikleriň Geňeşleriniň işine gözegçiligi amala aşyrýar we olaryň işini utgaşdyrýar.

5. Ýerli ykdysadyýetiň ösüşini utgaşdyrýan bölümi

Welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň iş meýilnamasynyň we ýerli býujetiniň taslamasynyň işlenilmegine we ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar, olaryň ýerine ýetirilmegini guraýar.

6. Söwda, syýahatçylyk we telekeçiligi utgaşdyrýan bölümi

Söwda we jemgyýetçilik iýmiti kärhanalaryň ösdürilmegi, ilata edilýän söwda hyzmatlaryň gowulandyrylmagy, zerur harytlary goýbermäge mümkinçilik berjek ýerli çeşmeleriň ýüze çykarylmagy we ulanmagy boýunça söwda guramalaryň işlerini utgaşdyrmaklygy guraýar.

7. Oba hojalygynda özgertmeler we döwrebap usullary ornaşdyrmak müdirligi

Oba hojalyk baradaky kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine ýakyndan ýardam bermek. Welaýatyň oba hojalygyna degişli edara-kärhanalaryň alyp barýan işlerine ýardam bermek we olaryň sazlaşykly işlemegini gazanmak.

8. Senagat we gurluşyk bölümi

Senagat we gurluşyk pudaklarynyň meseleleri boýunça göz öňünde tutulan iş meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişine we olaryň ösüş depginine gözegçilik etmek.

9. Ulag, ýol gurluşyk we aragatnaşyk bölümi

Ulag, ýol gurluşyk we aragatnaşyk bölümine degişli edara-kärhanalaryň alyp barýan işlerine gözegçilik edýär we işine ýardam berýär.

10. Bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, jemgyýetçilik guramalaryň hem-de köpçülik habar beriş işlerini utgaşdyrýan bölümi

Türkmenistanyň syýasy partiýalarynyň welaýat komitetiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş, arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugynyň, durmuş üpjünçiligi, sport, ýokary, ýörite, hünärment okuw mekdepleriniň, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň, orta mekdepleriň işini utgaşdyrýar.

11. Hojalyk bölümçesi

Welaýat häkimliginiň jaýynyň we oňa degişli ýerleriň abat-arassa saklanmagyny üpjün etýär

12. Awtomobil ulaglar bölümi

Häkimliginiň hasabyndaky awtoulag serişdelerine gözegçilik etmek. Awtoulaglara wagtynda tehniki gözegçilik we bejergi işlerini geçirmegi gurnamak

13. Raýat ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölümi

Etraplaryň Raýat ýagdaýynyň namalar ýazgysy bölümleriniň işlerine gözegçilik edýär

14. Welaýat arhitektura

Gurulýan binalaryň arhitektura talaplarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär

1. Mary şäher häkimligi
2. Baýramaly şäher häkimligi
3. Oguzhan etrap häkimligi
4. Mary etrap häkimligi
5. Wekilbazar etrap häkimligi
6. Sakarçäge etrap häkimligi
7. Baýramaly etrap häkimligi
8. Garagum etrap häkimligi
9. Türkmengala etrap häkimligi
10. Ýolöten etrap häkimligi
11. Murgap etrap häkimligi
12. Tagtabazar etrap häkimligi
13. Serhetabat etrap häkimligi
14. „Maru-Şahu-Jahan“ gazetiniň redaksiýasy
15. „Mary“ sagaldyş we dynç alyş merkezi (Awaza)
16. „Bagt köşgi“ toý dabaralary merkezi
17. Düýpli gurluşyk müdirligi
18. „Marygurluşyk“ önümçilik birleşigi
19. Baýramaly ýöriteleşdirilen gurluşyk dolandyrmasy
20. Sakarçäge etrabyndaky 6-njy başlangyç hünär okuw mekdebi
21. Mary etrabyndaky 7-nji başlangyç hünär okuw mekdebi
22. Murgap etrabyndaky 8-nji başlangyç hünär okuw mekdebi
23. Baýramaly şäheriniň 9-njy başlangyç hünär okuw mekdebi
24. Ýolöten etrabyndaky 10-njy başlangyç hünär okuw mekdebi

Mary welaýaty administratiw taýdan 11 sany etraba we 2 sany şähere bölünýär. Welaýatyň merkezi Mary şäheri. Mary welaýaty ýurdumyzyň günorta sebiti bolmak bilen, özüniň geografiki ýerleşişi boýunça dostlukly Owganystan döwleti bilen araçäkleşýär. Gözbaşyny bu goňşy ýurduň daglaryndan alyp gaýdan Murgap derýasy, şeýle-de, Amyderýadan gözbaş alýan Garagum derýasy welaýatymyzy suw bilen üpjün edýär. Welaýatymyzyň durmuş ykdysady ýagdaýy barada aýdanyňda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde Mary welaýatynyň tutýan orny uludyr. Welaýatyň senagaty durnukly depginlerde ösýär. Onuň esasyny gaz çykarmak, elektrik energiýasyny işläp çykarmak, maşyn gurluşygy we metal işläp bejermek, pagtany gaýtadan işlemek, mineral dökünleri öndürmek, azyk, dokma pudaklar düzýär.
Mary welaýaty ýurdumyzyň beýleki welaýatlary bilen bir hatarda oba hojalyk, maldarçylyk önümlerini öndürmekde, pagta, galla, gök, bakja, miwe, üzüm we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmekde uly ösüşlere eýe bolýar. Welaýatymyzyň oba zähmetkeşleri ýylyň ýylyna ak bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, miweleriň, gök-bakja önümleriniň bol hasylyny ýetişdirýärler.
Et, süýt, ýumurtga, ýüň, deri önümleriniň öndürilişi yzygiderli artýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda, şol sanda welaýatymyzda telekeçiligi ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Welaýatymyzda “Täze aý” haryt nyşanly önümleri öndürýän kärhananyň, “Mekan” hususy kärhanasynyň zähmetsöýer adamlarynyň aladalary netijesinde azyk bolçulygyny döretmekde degerli işler durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda welaýatymyzda hereket edýän «Erkin gurluşyk», «Ak hünji», «Lälezar zaman», «Röwşen», «Gerçek» hususy kärhanalary daşary ýurt önümleriniň deregini tutýan önümleri öndürmekde uly işleri bitirip, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga saldamly goşant goşýarlar.

Häzirki döwürde „Türkmenistan - Owganystan - Päkistan - Hindistan“ gaz geçirijisiniň owgan böleginiň, „Türkmenistan-Owganystan-Päkistan“ elektrik geçirijisiniň we şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygy alnyp barylýar. Bu iri taslamalaryň amala aşyrylmagy geljekde bu döwletleriň arasynda syýasy, ykdysady-söwda gatnaşyklaryň has-da pugtalandyrylmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Mary welaýaty ýurdumyzda elektrik energiýasyny köp öndürýän welaýatdyr. Mary Döwlet elektrik stansiýasynyň kuwwaty ýurdumyzyň ilatynyň we önümçilik desgalarynyň tok bilen üpjün edilmegine uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýle-de, Marynyň karbamid zawody, “Maryazot” önümçilik birleşigi ýurdumyzyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga uly goşant goşýan önümçilik kärhanalarynyň hataryna girýär. Welaýatymyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Milli maksatnamasy hem-de “Mary welaýatyny 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” boýunça birnäçe ýaşaýyş-durmuş maksatly binalaryň gurluşyklary alnyp barylýar.

2008-2020-nji ýyllar aralygynda welaýat boýunça ykdysady-önümçilik maksatly desgalardan başga-da dürli ýaşaýyş we medeni maksatly desgalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, medeniýet we saglyk öýleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň, seýilgähleriň we beýleki desgalaryň gurluşygy yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen welaýatymyzda döwrebap şäherçeler, obalar gurulýar. Şu ýyl Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Aryk obasynda döwrebaplaşdyrylan oba saglyk merkezi açylyp, ulanylmaga berildi. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasy daşary ýurtly syýahatçylaryň, jahankeşdeleriň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.