Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Il saglygy — ýurt baýlygy

10.04.2021

Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebiniň direktory Myrat Mollaýewiň ýolbaşçylygynda tälimçileriň we türgenleriň saglygy ugrunda düýpli işler amala aşyrylýar. Sport mekdebinde türgenleriň türgenleşik geçýän ýerleri wagtly-wagtynda ýelejiredilýär, üzärlik tütedilýär hem-de arassaçylyk işleri ýerine ýetirilýär.
Mekdebiň lukmany Läle Meredowa, şepagat uýasy Gurbangül Gurbanowa tarapyndan türgenleriň beden gyzgynlygyny ölçemek, iki metr aralygy saklamak, hem-de olaryň ellerine zyýansyzlandyryjy serişdeleri sepmek işleri yzygiderli geçirilýär.

SURATDA: lukman Läle Meredowa bilen şepagat uýasy Gurbangül Gurbanowa iş pursatynda.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.