Abadançylygyň gözbaşy
10.04.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ähli ulgamlar bilen bir hatarda saglyk ulgamyny kämilleşdirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda her ýylyň aprel aýy saglyk aýy diýlip hasap edilýär.
Golaýda welaýat medeniýet köşgünde Saglyk gününe bagyşlanyp, welaýat saglygy goraýyş we medeniýet müdirlikleri TMÝG-niň Mary şäher geňeşi bilen bilelikde dabaraly çäre gurnadylar. Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025--nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Bütindünýä saglyk güni mynasybetli guralan bu dabaraly çäre täsirli geçdi. “Sagdyn durmuş — abadan ýaşaýşyň gözbaşy” ady bilen geçirilen çäre welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda aýdym-saza beslendi.
Dabarany welaýat halk döredijilik merkeziniň bagşy-sazandalary, sungat işgärleri we tans toparlary özleriniň baýramçylyk çykyşlary bilen bezediler.
Şemşat SAÝLYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaraly çäreden pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.