Düýn bütindünýä saglyk güni dabaraly bellenilip geçildi
08.04.2021
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde türkmen taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly seneler ýokary ruhubelentlik bilen bellenilýär. Şeýle seneleriň biri hem ynsan saglygy bilen bagly bolan Bütindünýä saglyk günüdir.
“Saglygym — baýlygym” diýen düşünjä eýerip, ynsan saglygyny ähli zatdan belentde goýýan Gahryman Arkadagymyzyň göreldesine eýerilip, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köpçülikleýin welosiped ýörişi boldy. Mary şäheriniň Kemine köçesinden badalga alan ruhubelent welosipedçileriň bu ýörişi hemmelerde ruhy joşgun döretdi.
Ir säher bilen gurnalan bu welosipedli ýöriş sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bilen utgaşyp, her bir ynsanyň sporta bolan höwesiniň artmagyna uly itergi berdi. Köçelere bezeg berýän döwrebap binalaryň öňünde guralan görkezme çykyşlarynda ezber türgenleriň çalasyn we owadan hereketleri olary synlanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Sport egin-eşikli ruhubelent welosipedçi ýaşlary gojaman Murgap derýasynyň ugrunda ýerleşen ajaýyp binalaryň öňünde ýüzleri şatlykdan doly, elleri ýaşyl baýdakly talyp ýaşlaryň garşylamagy ýörişiň şowhunyny has-da artdyrdy.
Bu dabaraly çärä edara-kärhanalardan, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşdylar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda geçirilen welosiped ýörişi mynasybetli Murgap derýasynyň kenaryny etekläp oturan Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda, şeýle hem Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Ruhyýet köşgüniň, welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançalarda belent owazly aýdym-sazlara beslenen çykyşlar kalplara ruhy joşgun çaýdy. Şeýle hem sportuň küşt, şaşka, woleýbol, tennis görnüşleri boýunça gurnalan bäsleşikler çärä özboluşly öwüşgin berdi.
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan işleriniň rowaçlanmagyny arzuw etdiler.
Şeýle dabaraly çäreler welaýatymyzyň beýleki şäherdir etraplarynda hem giň gerime eýe boldy.
K. ANNAGELDIÝEW
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: dabaradan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.