Sport syýasatynyň gadamlary
07.04.2021
Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesillerimiziň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmekleri ugrunda düýpli aladalar edilýär. Şonuň ýaly-da ýurdumyzyň ähli künjeklerinde sport desgalary gurlup, ulanylmaga berilýär. Şeýle hem ýaşlaryň sporta we bedenterbiýä höwesi düýpli artdyrylýar we sportuň ähli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Sport mekdeplerinde zähmet çekýän tälimçiler türgenleriň sagdyn ruhly, berk bedenli bolmaklary ugrunda uly tagallalary edýärler.
Biziň mekdebimize gelýän ýaş türgenlere mekdebimiziň tälimçileri özleriniň saýlap alan ugurlary boýunça tälim berip, türgenleri geljekde göz öňünde tutulýan ýaryşlara ruhlandyrýarlar. Şeýle hem sportuň saglyga täsirini hem-de häzirki wagtda howanyň düzüminiň üýtgemegi sebäpli ýokanç keselleriň öňüni almak maksady bilen agyz-burun örtügini dakynmagy, 2 mert aralygy saklamagy, ellerimizi ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmagy wagyz-ündew edýärler.
Saglygymyzy goramak diňe özümiz üçin bolman, eýsem, tutuş jemgyýetimiziň aladasydyr.
Anžela AHALLYÝEWA.
Mary şäherindäki 5-nji sport mekdebiniň tälimçisi.