Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Saglygym-baýlygym

07.04.2021

Golaýda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Baýramaly şäherindäki S. Türkmenbaşy adyndaky şypahanada welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň we TAP-nyň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda «Arkadagyň göreldesi — sagdyn durmuş ýörelgesi» ady bilen maslahat geçirildi. Oňa welaýatyň saglygy goraýyş ulgamynyň hem-de TAP-nyň welaýat komitetiniň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda welaýat AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmany Tawus Ataballyýewa, welaýat saglygy goraýyş müdirliginiň baş hünärmenleri Bahar Kakalyýewa, Ogulşirin Seýidowa, TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň bölüm müdiri Ogulnabat Agajanowa, Mary etrap hassahanasynyň lukmany Dünýägözel Hojambaýewa, TKA-nyň Baýramaly şäher birleşmesiniň başlygy Jennet Agaýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň rejelenen görnüşi we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin tassyklanan meýilnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmek, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, köpçülikleýin bedenterbiýe bilen yzygiderli meşgullanmak hakynda giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Şypahananyň medeniýet öýünde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitleriň, gazanylan üstünlikleriň we hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen dermanlyk ösümlikleriň, ot-çöpleriň sergisi görkezildi. Bu ýere gelenlere melhem çaýlar hödürlenildi. Şeýle-de, şypahananyň howlusyndaky giň meýdançada guralan welosiped ýörişi hem-de sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezilen çykyşlar maslahata gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Dabaraly maslahatyň ahyrynda welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işjeňlerine TAP-nyň welaýat komitetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bahargül MEJIDOWA. «Maru — şahu jahan».
SURATDA: dabaraly maslahatdan pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.