Oba hojalygy: gowaça ekişi dowam edýär
07.04.2021
Mary etrabynyň «Ýeňiş» daýhan birleşiginiň kärendeçileri her ýyly oňat görkezijiler bilen jemläp, Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylyny zähmet üstünlikleri bilen jemlemek maksady bilen yhlasly zähmet çekýärler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde halal zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, bugdaýdyr pagtanyň, gant şugundyrynyň we beýleki gök ekinleriň bereketli hasylyny öndürmäge çalyşýarlar. «Çekseň zähmet — ýagar rehnet» diýlişi ýaly, çekýän zähmetiniň rehnetini hem görýärler, olar bagtyň zähmetdedigine örän oňat düşünýärler. Ýeňişliler hemişe özlerine ýeňşiň ýar bolmagy ugrunda yzygiderli aladalanýarlar.
Hojalygyň kärendeçileri Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň pagta ýygymy möwsümini üstünlikli tamamlanlaryndan soň, täze hasylyň aladasy bilen boldular. Olar meýdany çöplerden arassalap, sürüm, tekizleşik, tagt suwuny tutmak, geriş çekmek işlerini talabalaýyk ýerine ýetirip, 2021-nji ýylyň ekiş möwsümine irgözinden taýýarlykly geldiler. Şeýlelikde, 1905 gektar ýerde gowaça ekişini geçirmäge girişdiler. Şu günler hem meýdanda ekiş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Gowaçanyň, esasanam, «Ýolöten-7» görnüşi ekilýär. Hojalykda 526 gektar ýere tohumlyk gowaça ekmek meýilleşdirilýär.
Daýhan birleşiginde kärendeçiler Maral Durdybabaýewa, Ogulgözel Annageldiýewa, Maýsa Amanowa, Ogulsapar Wellekowa dagy ilkinjileriň hatarynda ekişe girişdi. Kärendeçiler daýhan birleşiginiň başlygy Hojamyrat Patdykowyň, pagta agronomy Çarynazar Baýramowyň we beýleki oba hojalyk hünärmenleriniň gerekli maslahatlaryny, degerli kömeklerini berýändiklerini gürrüň berýärler. Hojalygyň mehanizatorlary tehnikalary we gurallary abatlamak we gözden geçirmek işlerini ýerine ýetirip, ekiş möwsümine ykjam taýýarlykly geldiler. Meýdanda aglaba işleriň tehnika bilen ýerine ýetirilýändigine oňat düşünýän mehanizatorlar kärendeçileriň ýakyn ýardamçysy bolmaga çalyşýarlar. Häzirki wagtda mehanizatorlar Ilaman Patdykow, Hoşgeldi Akmyradow, Myrat Abdyllaýew gowaça ekmekde tutanýerli zähmet çekýärler. Rysgyny ene toprakdan gözleýän daýhanyň täze hasylyň düýbüni tutmak üçin siňdirýän yhlasyny synlanyňda, onuň zähmetiniň ýerine düşjekdigine ynanýarsyň.
Nesip bolsa, topraga atylan çigitler sanalgy günden iki gulak bolup gögerip çykar. Idegi ýetirilip, bol hasyl toplajak günleri daýhan buýsanjyna öwrüler.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».