Bilimli nesil — kuwwatly Watan
05.04.2021
Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan döwletimiz hemmetaraplaýyn ösüş-özgerişlere eýe bolýar. Bilim ulgamynda-da uly ösüşlere, belent sepgitlere ýetilip, bu ulgam döwrüň talabyna görä kämilleşdirilýär. Ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, aň-düşünjeli, zähmetsöýer, halkymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişmekleri ugrunda ähli tagallalar edilýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda ösüp gelýän ýaş nesliň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykaryp, zehinlerini açyp görkezmekde giň mümkinçilikler döredilýär.
Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaşlaryň biri hem Baýramaly şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 12-nji orta mekdebiň 8-nji “Ç” synp okuwçysy Gülnar Çaryýewadyr. Gülnar çaga ýüreginde beslän arzuwyna ýetmek üçin bilimler dünýäsine aralaşyp, yhlasyny gaýgyrman, iş tejribesi ýetik mugallymlardan surat çekmegiň inçe syrlaryny öwrenýär. Ýaş suratkeş dürli bäsleşiklere höwesli gatnaşyp, iň gowy suratlary, diwarlyklary bilen okuwçylaryň arasynda geçirilýän bäsleşiklerde oňat netijeleri gazanyp, Hormat hatlaryna mynasyp bolýar.
Bäsleşiklerde gazanýan üstünlikleri onuň höwesini has-da artdyrýar. Gülnar Çaryýewa Gahryman Arkadagymyzyň ýaş nesillere bildirýän ynamyny ödäp, geljekde çekýän suratlarydyr diwarlyklaryny has-da baýlaşdyryp, uly üstünlige eýe bolmaga umyt baglaýar. “Umytly guş Käbe ýeter” diýlişi ýaly, biz hem ýaş suratkeşe geljekde ýeňişleriň ýaran bolup, saýlan hünäriniň eýesi bolmagyny arzuw edýäris.
Şeýle hem onuň okaýan synpynyň — 8-nji “Ç” synpyň ýolbaşçysy Güljahan Reýimowa ýaş nesilleriň bilimlerini artdyryp, Gülnar Çaryýewa ýaly ökde, göreldeli, dürli bäsleşiklerde uly-uly üstünliklere eýe bolýan okuwçylaryň kän bolmagy ugrunda irginsiz zähmet çekip, ýaşlara yhlasly bilim-terbiýe berýär.
Akmaýa HOJANYÝAZOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: mekdebiň 8-nji “Ç” synpynyň ýolbaşçysy Güljahan Reýimowa öz okuwçysy Gülnar Çaryýewa bilen.
Surata düşüren Azym Şekerow.