Döwrebaplaşdyrylan OBA SAGLYK MERKEZI
15.12.2020
10-njy oktýabrda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Munuň şanyna ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem aýdym-sazlar belentden ýaňlandy.
Gahryman Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde halkymyzyň saglygyny goramakda hem-de berkitmekde bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Oňa degişli täze binalar gurlup, olar dünýä lukmançylygynyň iň kämil enjamlary bilen üpjün edilýär. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň çäginde durky täzelenip, döwrebaplaşdyrylan oba saglyk merkezi dabaraly ýagdaýda açyldy. Oňa welaýatymyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň işgärleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, elleri ýaşyl tugly ýaşlar we ýaşaýjylaryň ençemesi gatnaşdylar.
Dabara üçin birkemsiz taýýarlanylan ýerde welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew gutlag sözi bilen çykyş etdi hem-de halkymyzyň saglygyny goramakda we berkitmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdy. Welaýatymyzyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew şu oba saglyk merkezini döwrebaplaşdyrmak işlerini ýokary derejede ýerine ýetiren Agajan Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky «Beghan demirçi» hususy kärhanasynyň gurluşykçylarynyň ençemesine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy. Bu ýerde Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Togtamyş Gylyjow, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Sapargylyç Süleýmanow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Soňra döwrebap oba saglyk merkeziniň bosagasyndaky toýbagy kesilip, onuň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen doly üpjün edilen otaglaryna aýlanylyp görüldi. ªeýle hem halkymyzyň saglygy barada bimöçber alada edýän Gahryman Prezidentimiziň adyna egsilmez alkyş sözleri aýdyldy. Daş-töweregine baglar oturdylyp, dürli güller ekilen oba saglyk merkeziniň açylyş dabarasynda welaýatymyzyň hem-de etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary diňlenildi, ajaýyp tanslara syn edildi.
Döwrebap oba saglyk merkezine hormatly Prezidentimiziň sowgady — lukmançylyk awtoulagy dabara bilen gowşuryldy.
Öwezmyrat POLLYÝEW.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: döwrebap oba saglyk merkeziniň açylyş
dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren
Döwlet MUHAMOW.
(suratlary 13.10.2020)