Oba hojalygy: gowaça ekişi dowam edýär
05.04.2021
Diýarymyza ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen oba hojalyk işleriniň depgini has-da artýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzyň pagtaçy kärendeçileri hem gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler.
Garagum etrabynyň «Garagum kanaly» daýhan birleşiginiň kärendeçileri sürüm, tekizleşik, geriş çekmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä ýerine ýetirip, «Biziň elimiz däl, Babadaýhanyň eli» diýip, «Bissimilla» bilen, ýagşy arzuw-umytlar edip, ekişe girişdiler. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda 4400 gektar ýere gowaça ekmegi meýilleşdirýärler. Daýhan birleşiginiň pagta agronomy Döwrangeldi Akmämmedow bilen meýdanda ekişiň geçirilip ýören ýerinde gabatlaşanymyzda şeýle gürrüň berdi:
— Biziň hojalygymyzda kärendeçiler ýerlerine bugdaýdyr pagtany gezekleşdirip ekýärler. Ekin dolanyşygy amala aşyrylýan ýerler hem özüniň oňat netijesini berýär. Üstümizdäki ýylda ýerlerine pagta ekmeli kärendeçiler ýerlerini ekişe irgözünden taýýarlap, hormatly Prezidentimiziň 24-nji martda badalga beren güni ekişe başladylar. Şu günler ekiş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Daýhan birleşigimizde tejribeli, toprakdan bol hasyl almagy başarýan kärendeçileriň birnäçesi bolup, olar öz kärdeşlerine görelde bolýarlar. Ýygym möwsüminde bellenilen meýilnamany ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirmegi başarýarlar. Olardan Orazgeldi Atanazarowyň, Ýagşymyrat Kadyrowyň, Annamyrat Çaryýewiň atlaryny agzamak bolar. Topar ýolbaşçylarymyz hem kärendeçileriň arasynda bolup, olaryň işleri bilen gyzyklanyp, kömek berýärler. Topar ýolbaşçylarymyzdan Kakamyrat Batyrow, Geldimyrat Garabatyrow işlerini guramaçylykly alyp baryp, olaryň kärendeçiler topary her bir işde öňdeligi elden bermeýär.
Ekişde mehanizatorlar kärendeçilere uly goltgy bolýarlar. Olar ekiş möwsüminiň wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi üçin aladalanýarlar. Işine ökde mehanizatorlardan Parahat Annaberdiýewiň, Merdan Aşyrowyň, Guwanç Aşyrowyň atlaryny agzamak bolar. Tehnikalaryň bökdençsiz işledilmeginde olara gözegçilik edýän inžener Maksat Gulmämmedowyň hem zähmetiniň uludygyny belläp geçsek ýerlikli bolar.
Umuman, hojalygymyzda işler agzybirlikde alnyp barylýar. «Agzybire Taňry biýr...» diýlişi ýaly, bilelikde edilen işiň oňat netijesinem görýäris. Nesip bolsa, üstümizdäki ýylda hem bol hasyl ugrunda aladalanyp, Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.
Agronom D. Akmämmedowyň gürrüňinden görnüşi ýaly, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýän daýhan birleşiginiň her bir oba hojalyk işgäriniň ümzügi öňe, gadamy batly.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».