Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bahar aladalary

30.03.2021

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Murgap etrap „«Maldar» maldarçylyk hojalygy dowarlaryň baş sanyny, önümliligini artdyrmakda tutanýerli zähmet çekýän hojalyklaryň biri. Hojalygyň 3-4-nji bölümleri owlak-guzy möwsüminde bire-bir önüm alyp ýokary netije gazanmagy başarýarlar. Biz döredijilik toparymyz bilen ýaz paslynyň ilkinji günlerinde bu maldarçylyk hojalygynda iş saparynda bolduk. Birnäçe gum depelerinden aşyp, maldarlaryň ýanlaryna golaýlanymyzda goýunlaryň, guzularyň mäleşýän sesleri töwerege ýaň salýardy. Erkana ýaýnap, gezip ýören goýundyr guzular gök otlar bilen bilelikde sährany bezeýärdiler.
Biz maldarçylyk hojalygynyň 3-nji bölümine gelenimizde ferma müdiri Eziz Kösäýew garşy aldy. Ferma müdirine näme maksat bilen gelendigimizi aýdanymyzda ol:
— Tüweleme, gaty gowy edipsiňiz. Siz-ä tüýs wagtynda geldiňiz. Baharyň ilkinji günleri ýazyň hoştap howasynyň öwüsýän wagty tebigat üýtgeşik owadan görke gelýär. Şu synlaýan owlak-guzularyňyz hem sähramyza öz gözelligini goşýar.
Bagtyýarlyk döwrümizde hormatly Prezidentimiziň saýasynda maldarçylyk pudagyny ösdürmäge uly üns berilýär.
Ýurdumyzda tebigy howa we ot-iým şertlerinde dowardarçylyk maldarçylygyň esasy pudagy hasaplanýar. Milli Liderimiz ilatymyzy we senagatymyzy maldarçylyk önümleri bilen doly üpjün etmegi maldarlaryň öňünde wezipe edip goýdy. Biz — maldarlar öňümizde goýlan wezipäni üstünlikli ýerine ýetirmek üçin berilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarys.
Maldarçylyk bölümimiz üstümizdäki ýylda 12 müň 894 sany ene goýundan 11 müň 837 guzy almagy göz öňüne tutýar. Çopanlarymyz goýunlary Bürgüt, Mollabaý ýaýlalarynda bakýarlar. Işine ezber çopanlardan Öwez Gaýypow, Serdar Artykow, Aganepes Gurbanow tapawutlanyp zähmet çekýärler. Çopanlar gije-gündiz mal yzynda bolup, olaryň aladasy bilen bolýarlar — diýip, gürrüň berdi.
Biz Eziz aganyň, beren gürrüňlerine minnetdarlyk bildirip, döredijilik toparymyz bilen 4-nji bölüme tarap ýola düşdük. Akyp duran çägäniň üstünden ädimläp töweregi synlap barşymyza tebigatymyza bolan söýgiň has-da artýar. Tebigatymyzyň täsinligi, gözelligi hakyndaky oý-pikirlere berlip, ferma bölümine nähili gelenimizi duýmandyrys. Bu ýerde hem owlak-guzular mäleşip, töwerege şowhun salýarlar.
4-nji bölümiň dowardarçylyk ferma müdiri Tahyr Myradow çopanlar bilen özara maslahatlaşyp duran eken. Ol gelýänimizi görüp, bize tarap ýöneldi. Biziň geljegimizden habarly Tahyr aga güler ýüz bilen garşylap: «Geliň, «Gelen — döwlet» diýipdirler» diýip, bizi maldarçylyk hojalygy bilen tanyşdyrdy. — Biziň maldarçylyk hojalygymyzyň hem maksady dowarlaryň baş sanyny we önümliligini artdyrmakdan ybarat bolup durýar. Bölümimizde çopanlar 11 müň 200 ene goýundan 9 müň 200 guzy almagy meýilleşdirýärler. Owlak-guzularymyz Köpek, Çerkez guýularynyň töwereginde bakylýar. Goýunlardan önüm almakda, idetmekde tapawutlanýan çopanlardan Aganazar Gylyjowyň, Polatmyrat Berdiýewiň, Nurýagdy Ýagmyrowyň atlaryny agzamak bolar. Mallaryň sagdyn bolmagy üçin mal lukmany Mekan Artykowyň gözegçiligi astynda wagtly-wagtyna weterinar işlerini geçirýäris. Şu günler biz gyrkym işlerine taýýarlyk görýäris — diýip gürrüň berdi.
Umuman «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň 3-4-nji bölümlerinde dowarlary idetmekde, olardan göwnejaý önüm almakda işler talaba laýyk alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalygynda bolanymyzda zähmet ýaryşlary guralyp, öňdebaryjy çopanlara TAP-nyň Murgap etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylýan pursatlaryna gabat geldik.
Biz çopan goşlarynda bolanymyzda ýene bir zada anyk göz ýetirdik. Olam türkmeniň wepaly dosty hasaplanýan türkmen alabaýlarynyň çopanlaryň ýardamçysy bolýandygyna şaýat bolduk. Ädimlerini agraslyk bilen basýan alabaýlar çopanlar bilen bilelikde mallaryň yzyndan galmaýarlar.
Biz maldarçylyk hojalygynyň işgärlerine Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy arzuw edýäris.

Durdynabat BAÝRAMOWA. «Maru — şahu jahan».
SURATDA: maldarçylyk hojalygyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.