Il saglygy — ýurt baýlygy
26.03.2021
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde adam saglygy ugrunda düýpli aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen sagaldyş merkezleri gurlup ulanylmaga berilýär hem-de häzirki döwrüň talabyna laýyk gelýän enjamlar bilen üpjüň edilýär. Saglyk ulgamlarynda zähmet çekýän lukmanlarymyz we şepagat uýalarymyz näsaglary güler ýüz bilen garşy alýarlar, olara doly we dogry bejergi berýärler.
Mary şäherindäki iç keselleri hassahanasynyň saglygy dikeldiş bölüminiň tok bilen owkalaýyş otagynyň şepagat uýasy Gülsara Berdimyradowa 20 ýyldan bäri zähmet çekip, ýüz tutup gelýän näsaglary mähirli garşylap, olaryň alkyşlaryna mynasyp bolýar. G. Berdimyradowa S. A. Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebini tamamlap, bu hassahanada zähmet ýoluna başlady. Bu ýere gelýän näsaglar onuň hyzmatyndan hoşal bolýarlar.
SURATDA: şepagat uýasy Gülsara Berdimyradowa iş wagtynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.