Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Tohumyňyz müňlesin, edermen pagtaçylar!

26.03.2021

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyzyň edermen pagtaçylary Gahryman Arkadagymyzyň berýän hemaýat goldawlaryndan, ýeňilliklerinden ruhlanyp, täze hasylyň düýbüni tutmak işine ýylyň başyndan tutanýerli girişdiler.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 19-njy martynda geçirilen mejlisinde tassyklan tertipnamasyna laýyklykda, Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynyň pagtaçylary gowaça ekişine 24-nji martda girişdiler. Daşoguz welaýatynyň kärendeçileri bolsa 31-nji martda bu möhüm çärä başlarlar.
Arkadag Prezidentimiziň ak patasyna eýerip, welaýatymyzda gowaça ekişine guramaçylykly girişmäge bagyşlanyp, welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahatda etrap häkimleri we olaryň orunbasarlary, welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat obahojalyk önümçilik birleşiginiň, obasenagat toplumyna degişli edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri, arçynlary, daýhan birleşikleriniň başlyklary, agronomlar, tejribeli kärendeçiler, il içinde hormatlanylýan ýaşulular we ýaşlar gatnaşdylar.
Tejribe maslahatyny welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew açdy we alyp bardy. Welaýatyň häkimi şu ýylyň 24-nji martynda gowaça ekişine girişmäge babadaýhanlarymyza hormatly Prezidentimiziň ak pata berendigini aýdyp, öňde möhüm wezipeleriň durýandygyny nygtap geçdi. Ýerleriň, tehnikanyň, ýokary hilli tohumlyk çigidiň taýýardygyny, gowaça ekişini ýokary hilli geçirmäge mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdy.
— Şu ýyl ýurdumyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny mynasyp garşylamak üçin taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Welaýatymyz boýunça şu möwsümde 180 müň gektara gowaça ekiler — diýip, häkim gowaça ekişiniň şowly geçiriljekdigine ynam bildirdi.
Soňra tejribe maslahatynda welaýat häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradow, Mary etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Çaryýarguly Hommaýew, Oguzhan etrabynyň “Günhan” daýhan birleşiginiň başlygy Goçmyrat Akmyradow, Murgap etrabynyň “Ýalkym” daýhan birleşiginiň kärendeçisi Çary Sähedow çykyş edip, gowaça ekişi möwsüminde kärendeçileriň, mehanizatorlaryň öndürjilikli zähmet çekmekleri üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini aýtdylar.
Ylmyň gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak, tehnikadan netijeli peýdalanmak, dökünlerden, zyýankeşleriň we haşal otlaryň garşysyna göreşmekde degişli himiki serişdelerden peýdalanmak hem-de möwsümde geçirilmeli beýleki derwaýys işler dogrusynda nygtalyp geçildi.
Mary etrabynyň “Milli goşun” daýhan birleşiginiň gowaça ekişine kemsiz taýýarlanylan meýdanyna ýygnanan adamlaryň ruhlary belent, kalplary şat. Giň meýdanyň daş-töweregini gurşap duran traktorlar, oba hojalyk gurallary tehnikalaryň gowaça ekişine taýýarlygyny aňladýar. Hatara guralan ak öýler, medeniýet we sungat işgärleriniň bezemen sahnadaky çykyşlary, bu ýerde guralan pagta, pagtadan önýän önümleriň sergileri ýygnananlaryň ünsüni özüne çekdi.
Maslahata gatnaşyjylara ýerleriň gowaça ekişine taýýarlanyş düzgünleri, tohumlyk çigitleriň görnüşleri, ekiş möwsüminde olaryň ulanylyşynyň kadalary dogrusynda “Marypagta” önümçilik birleşiginiň hünärmenleri degerli maslahatlary berdiler. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň hünärmenleri bolsa tehnikanyň gowaça ekişine taýýarlanyşy we ulanyşy barada gürrüň berdiler.
Garaşylan pursat ýetip geldi. Welaýatymyzyň edermen pagtaçylarynyň Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň bereketli hasyly üçin 180 müň gektar ýere gowaça ekmek ugrundaky asylly işiniň başy başlanyldy.
Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen hormatlanýan ýaşulularymyz ýagşy umyt-arzuwlar bilen “Bissimilla” diýip, topraga bereket tohumyny sepdiler. “Biriň müň bolsun!”, “Ýylymyz bereketli bolsun, rowaçlyklara beslensin” diýen dilegler bilen gowaça ekiji tehnikalar herekete girizildi. Soňra toý sadakasy berlip, onda duz-tagam dadylyp, gowaça ekişiniň şowly geçirilmegi, milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan tutumly işleriniň mundan beýläk hem rowaçlanmagy arzuw edilip, aýat-töwir okaldy.
Tohumyňyz müňlesin, ýylyňyz rysgally bolsun, mähriban pagtaçylar!

Sähet HOJAGELDIÝEW. “Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: welaýatymyzda gowaça ekişine girişilmeginden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.