Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

DÖWREBAPLAŞDYRYLAN SAGLYK MERKEZI

15.12.2020

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:

— Halkymyza ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek, raýatlarymyzyň ömür dowamlylygyny uzaltmak biziň döwlet syýasatymyzyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.

DÖWREBAPLAŞDYRYLAN SAGLYK MERKEZI:
«Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, paýtagtymyzdan başlap, tä iň çetki obalara çenli saglyk edaralaryna ylmyň iň täze gazananlaryna esaslanýan kämil lukmançylyk enjamlary ornaşdyrylýar, raýatlarymyza lukmanlaryň döwrebap hyzmatlary hödürläp bilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ynha, 10-njy oktýabrda uly dabaralar bilen bellenilip geçilen Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli Baýramaly etrabynyň Gatakar geňeşliginiň Aryk oba saglyk merkeziniň durkunyň täzelenip ulanmaga berilmegi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň sowgady bolan «Tiz lukmançylyk kömegi» awtoulagynyň gowşurylmagy diňe bir oba ilatynyň däl, eýsem, tutuş welaýatymyzyň ýaşaýjylarynyň şatlygyny goşalandyrdy.
Oba saglyk merkezinde hödürlenilýän lukmançylyk-barlag hyzmatlary:

Stomatologiýa hyzmatlary.
Hirurgiýa hyzmatlary.
Funksional anyklaýyş hyzmatlary.
Akuşer-ginekologiýa hyzmatlary.
Fizioterapiýa hyzmatlary.
Laboratoriýa barlagy.
Rentgen barlagy.
Ultrases barlagy.

Oba saglyk merkezine aýak basan badyňa, ilki bilen, rejelenip goýlan lukmançylyk kitaplary, hususan-da, hormatly Prezidentimiziň görnükli ýerde orun alan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy-ensiklopedik kitabynyň ýakynda gowşan 12-nji tomy ünsüňi çekýär.
Bu merkezde 2 sany maşgala lukmany, 9 sany dürli ugurlar boýunça lukmanlar, şeýle hem 10 sany şepagat uýasy zähmet çekýär.

— Otuz orunlyk merkezimizde 3 orunlyk çaga dogrulýan ýörite bölüm hereket edýär. Bölüme degişli dogrum, dogrumdan soňky, antenatal ideg, sanjym otaglar bolup, zerur hem kämil enjamlaryň ählisi bilen üpjün edilendir. Bu bolsa çaganyň sagdyn dogulmagyna, oňa ýokary derejede ideg etmäge, enäniň saglygyny dikeltmäge şert döredýär. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda eneligi we çagalygy goramak hakynda uly alada edilýär. Muňa paýtagtymyzda hem-de welaýatlarymyzda gurlan «Ene mähri» merkezleri, çagalarda, önelge ýaşly zenanlarda ganazlygyň öňüni almak, ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak, howpsuz enelik, perinatal kömegini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler şaýatlyk edýär. Welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda Baýramaly şäherinde ýerleşýän «Beghan demirçi» hususy kärhanasynyň gurluşykçylary tarapyndan durky täzelenen merkezde rentgen, ultrases ýaly ençeme lukmançylyk barlaglaryny geçirmek üçin ýörite otaglar, laboratoriýa hem göz öňünde tutulypdyr. Otaglaryň häzirki zaman lukmançylyk ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýan ýörite enjamlar bilen üpjün edilmegi barlaglary has anyk geçirmäge, keseli dogry kesgitlemäge, näsaga dogry hem-de takyk bejergi goýmaga esas berer. Şeýle hem ýörite fizioterapiýa otagy bolup, onda näsaglary keseline görä bejermäge niýetlenen dürli görnüşli yşyklar, ýylylyk, suw, elektrik arkaly bejermäge niýetlenen abzallar bar.

Kakajan ÇARYÝAROW.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň 5-nji ýyl talyby (suratlary 13.10.2020)