Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Hoş gelipsiň, Nowruzym!

24.03.2021

Her bir günümizi toý-baýramlara besleýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Milli bahar baýramynyň toýy milli däp-dessurlarymyza laýyklykda toýlanyldy. Bu ajaýyp baýram mynasybetli Diýarymyzyň çar ýanyny aýdym-sazly dabaralar gurşap aldy. Aşgabat — Mary awtomobil ýolunyň ugrundaky açyk sähralykda ýaýbaňlandyrylan «Bahar geldi, ýaz geldi, aýdym geldi, saz geldi» atly baýramçylyk dabarasy hem Milli bahar baýramyna bagyşlanyldy.
Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabara ýokary ruhubelentlige beslendi.
Baýramçylyk dabarasy Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň taýýarlan «Gelse Nowruz äleme» atly kompozisiýasy bilen başlandy. Aýratyn-da, bu ýerde Türkmenistanyň halk artisti, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulysy Kakageldi Çaryýewiň ýerine ýetiren «Arkadaga guwanýan» aýdymy gyzgyn garşylanyldy. Soňra welaýatymyzyň sungat ussatlarynyň toý şowhunyny asmana göterýän aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi.
Bahar paslynyň jana ýakymly howasyndan gandyrýan seleň sähralykda türkmeniň toý däp-dessurlaryny açyp görkezýän pursatlary synlanyňda, buýsanjyňa buýsanç goşulýar. Ýüň saýyp, keçe gülläp oturan gelin-gyzlaryň biri-birine aýdýan ýomaklary, degişmeleri, şadyýan gülküleri toý şatlygyny goşalandyrýar. Milli lybasdaky gyzjagazlaryň gol tutuşyp oýnaýan «Aýterek — Günterek» oýnuna tomaşa etdigiňçe göwnüň açylýar. Oglanjyklaryň biri-biri bilen bäsleşip oýnaýan aşyk oýnuny synlanyňda bolsa, ata-babalarymyzdan miras galan milli oýunlarymyzyň nesilden-nesle geçip, dowam etdirilýändigine guwanýarsyň.
Türkmen sährasynda tutulýan Milli bahar baýramynda guralan alty ganat ak öýleriň, milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän senetçiligiň, zergärçiligiň, amaly-haşam önümleriniň, çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň bahar gözelliklerini wasp edip çeken suratlarynyň sergileri, dermanlyk ösümlikleriň dürli görnüşleri toý märekesinde uly täsir galdyrdy. Mundan başga-da, dutarçy bagşylaryň, gopuzçy gyzlaryň, gargy tüýdükçileriň ýerine ýetiren milli aýdym- -sazlary, folklorçylaryň aýdan läledir hüwdüleri baýramçylyk dabarasyna ýakymly şowhun çaýdy. Gazanlarda gaýnaýan milli tagamlarymyz, aýratynam, Nowruzda taýýarlanylýan semeni türkmeniň bereketli toý saçagynyň bezegine öwrüldi. Milli şaý-sepler bilen bezelen bedewleriň üstündäki ýigitleriň dürli oýunlary hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Şeýle hem ynsanyň ýakyn dosty hasaplanylýan türkmeniň alabaý itleri, olaryň güjüjikleriniň çagalar bilen edýän dürli oýunlary bu ýere ýygnananlary haýran galdyrdy.
Milli bahar baýramyna bagyşlanylan toý dabarasy sungat ussatlarynyň köpçülik bolup ýerine ýetirmeginde «Arkadag» atly ajaýyp aýdym bilen jemlenildi.

Bahargül MEJIDOWA. «Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: milli ruhda geçirilen baýramçylyk dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.