Bilimli nesil — kuwwatly Watan
16.03.2021
Ýaş nesle döwrüň talabyna laýyk derejede bilim bermek, ýaşlary dürli hünärlere ugrukdyrmak hem-de Watançylyk ruhunda ýetişdirmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Bilimli nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Şeýle hem zehinli okuwçy-ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen dürli bäsleşikler guralýar.
Golaýda Mary şäherindäki ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdepde umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Ylmy-döredijilik bilen meşgul bolýan zehinli okuwçylary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşigiň welaýat tapgyryna onuň şäher, etrap tapgyrlarynda ýeňiji bolan okuwçylar gatnaşdylar. Döredijilik bäsleşigine gatnaşan okuwçylaryň öz ukyp-başarnygy bilen taýýarlan işlerini synlanyňda şeýle zehinli ýaşlaryň bardygyna buýsanýarsyň. Ol işler biri-birinden täsirliligi bilen ünsüňi çekýär.
Zehin bäsleşiginde emin agzalarynyň baha bermegi netijesinde ýasan işleri boýunça ýeňiji bolan okuwçylar belli edildi. Bäsleşikde robot tehnikasy ugry boýunça Mary şäherindäki 4-nji mekdebiň okuwçylary Daýanç Öwezgeldiýew we Begenç Akmyradow, takyk ugurly okuw dersi boýunça Serhetabat etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Güljahan Myradowa, tebigy ugurly okuw dersi boýunça hem Mary şäherindäki iňlis dili we ynsançylyk ugurly okuw dersleri çuňlaşdyryp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebiniň okuwçylary Kerim Baýmyradow we Yhlas Ýazmyradow 1-nji orna mynasyp bolmagy başardylar.
Mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilen ylmy-döredijilik bäsleşiginde ýeňiji bolanlara welaýat baş bilim müdirliginiň diplomy gowşuryldy.
D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATLARDA: ylmy-döredijilik bäsleşiginden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.