Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

16.03.2021

Gyş paslynyň tamamlanmagy bilen daýhanlar üçin jogapkärli möwsüm başlanýar. Baharyň gelmegi bilen «Gyş gamyny ýaz iý» diýlenine eýerilip, dürli ekinler ekilýär. Esasan hem kärende ýerlerinde gowaça ekişi gyzgalaňly ýagdaýa eýe bolýar.
Gowaça ekişini öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek bol hasyl almagyň girewidir. Bu işde esasan daýhanlar tehnika güýjüne daýanýarlar. Şoňa görä hem şu günler daýhan birleşiklerinde we etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda jogapkärli möwsüm — gowaça ekişine taýýarlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlanýar.
Kärendeçi daýhanlar kärende ýerleriniň gyralaryny, ýapdyr salmalary arassalamak işleri bilen meşgul bolýarlar. Gowaça ekişine taýýarlyk işlerinde esasan tehnikalara daýanylýar. «Tehnika — daýhanyň ygtybarly daýanjy» diýlip hem şonuň üçin aýdylan bolsa gerek. Tehnika birnäçe adamyň bir günde etjek işini sähel salymyň içinde ýerine ýetirmegi başarýar. Şeýlelikde, tehnikanyň bahasyna ýetip bolmajak gymmatynyň bardygyna göz ýetirse bolýar. Ýöne diňe tehnikanyň bolany bilen oňa düşünýän hünärmenler bolmasa onuň bir özüniň etjek işi ýok. Şonuň üçin traktorlara tirkelýän abzallary, gurallary dogry düzmegi we talaba laýyk ulanmagy başarýan hünärmenlerdir mehanizatorlar gerek. Daýhan birleşiklerinde we tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda işiniň ussady bolan tejribeli hünärmenler, abatlaýjy ussalar, mehanizatorlar zähmet çekýärler. Mehanizatorlar özlerine berkidilen traktorlary gurat saklamak bilen her bir möwsümde tehnikalaryň öndürijilikli işlemegini gazanýarlar.
«Tehnikaň saz bolsa — muşakgatyň az bolar» diýlenini nazarda tutup, tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň hünärmenleridir abatlaýjy ussalary traktorlary we olara dakylýan gurallary abatlamak, gözden geçirmek işlerini talaba laýyk alyp barýarlar. Olar geriş çekijileri, boronalary, gowaça ekijileri, hatda ekişden soňky ýerine ýetirilmeli işler üçin kultiwatorlary hem taýýar edip goýýarlar. Şeýle hem ekiş möwsüminde bökdençlikleriň bolmazlygy üçin ätiýaçlyk çärelerini görýärler.

Durdynabat BAÝRAMOWA. «Maru — şahu jahan».