Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
16.03.2021
Baýramaly etrabynyň «Mekan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Muhammetmyrat Aşyrow hojalykda öňdebaryjy kärendeçileriň biridir. Onuň 6 gektar kärende ýeri bolup, oňa bugdaýdyr pagta ekip, her ýyl bereketli hasyl almagy başarýar.
Muhammetmyrat aga üstümizdäki — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň hasyly üçin kärende ýerine bugdaý ekdi. Ol «Yhlasly ideg — gowy netije» diýlenine eýerip, ak ekiniň idegini kemsiz ýetirýär. Ol şu günler bugdaýy iýmitlendirmek, suw tutmak işleri bilen meşgul bolýar.
Kärendeçi daýhan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýär. Meýdany bezäp oturan bugdaý maýsalary daýhan zähmetiniň ýerine düşjekdigine güwä geçýär.
SURATDA: kärendeçi Muhammetmyrat Aşyrow bugdaýly meýdanynda.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.