Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sungat äleminde

12.03.2021

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda asyrlarboýy dowam edip gelýän milli medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde we ony dünýä ýaýmakda uly tagallalar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden «Medeniýet halkyň kalbydyr», «Türkmen medeniýeti», «Parahatçylyk sazy — dost-doganlyk sazy», «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ýaly gymmatly eserleri hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän mümkinçiliklerinden peýdalanyp, yhlasly zähmet çekýän medeniýet işgärleriniň biri hem Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň skripka mugallymy Ysmaýyl Döwletgeldiýewdir.
Y. Döwletgeldiýew heniz mekdep okuwçysy döwründe aýdym aýtmagy, saz çalmagy ezberlik bilen ele alýar. Ol mekdepde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda skripka saz guraly bilen dürli sazlary ýerine ýetirip, hemmeleriň ünsüni çekmegi başarýar. 2011-nji ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlap, Mary şäherindäki Ý. Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebine okuwa girýär. Y. Döwletgeldiýew bu ýerde halypalaryň ýakyndan ýardam etmegi bilen ussat skripkaçy bolup ýetişýär. «Yhlasa — myrat» diýlişi ýaly, kärdeşimiz Ysmaýylyň bu ugurdaky irginsiz aladasy «Skripka mugallymy» diýen asylly käriň eýesi bolmagyna getirdi.
Biz hem geljekde Ysmaýyl mugallyma aýdym-saz äleminde uly ösüşleriň, öňegidişlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Baky bagtyýarlyk zamanamyzda ata-babalarymyzdan miras galan milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösmegine giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Läle PYGYÝEWA.
Wekilbazar etrabynyň Hydyr bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebiniň ýokary derejeli dutar mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.
SURATDA: ussat mugallym Ysmaýyl Döwletgeldiýew sapak wagtynda.