Oba hojalyGY: täze hasylyň aladasy
12.03.2021
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk ekinleriniň tohumlarynyň hilini gowulandyrmak baradaky tabşyryklary welaýatymyzyň obahojalykçylary tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şoňa görä-de, indi köp ýyllardan bäri bugdaýdan, gowaçadan we beýleki ekinlerden bol hasyl alnyp gelinýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ýaz ekişi möwsümi hem barha golaýlaýar. Bu jogapkärli günlerde gowaça ekiljek meýdanlar birkemsiz taýýarlanylýar. Wagtynda göwnejaý şüdügärlenen ýerlerde tekizleşik, geriş çekmek, suw tutmak işleri tejribeli adamlar tarapyndan üstünlikli berjaý edilýär. Şeýle derwaýys wezipelerde hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren ýokary iş öndürijilikli tehnikalaryndan, olaryň gurallaryndan netijeli peýdalanylýar.
Ýokary hilli gowaça tohumynyň ýeterlik mukdaryny taýýarlamakda «Marypagta» önümçilik birleşiginiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda abraýly işler berjaý edilýär. Munuň şeýledigine Türkmengala etrabyndaky Nurmuhammet Akmyradow tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän döwrebap pagta arassalaýjy kärhanasynda durmuşa geçirilen işler hem aýdyň şaýatlyk edýär. Kuwwatlylygy möwsümde 40 müň tonna nah pagtany gaýtadan işlemäge ukyply bolan kärhanada taýýarlanylan tohumlyk gowaça çigidiniň 14 müň tonnadan gowragy ýapyk bassyrmalarda tygşytly ýerleşdirilip goýlupdyr. Tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamak boýunça hünärmen Ýalkapmuhammet Meretdurdyýew „«Ýolöten-7», «Jeýhun», «Ýolöten-39» hem-de «Ýolöten-14» görnüşli tohumlaryň gögerijilik, ýokary hasyl berijilik ukybynyň artykmaçlygyny nygtaýar.
Gowaçanyň tohumlyk çigitleri ugurdaş kärhanalardaky tohumlar bilenem mukdar hasabynda çalşylyp, ekişe goýberilýär. Munuň özi ýerli toprak we howa şertlerinde aýratyn ähmiýetlidir. Bu çalşykly tejribe Baýramaly, Sakarçäge, Mary, Garagum etraplarynyň çägindäki ugurdaş kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilýär. Ýokary hilli, talaba laýyk, gurply gowaçalaryň ösüp, hasyl bermeginde seljerilen tohumlaryň peýdasy uludyr.
Ýaz ekişi möwsüminde tohumlyk çigitler dermanlanylyp, belli ölçegdäki haltalara gaplanylýar we daýhan birleşiklerine ugradylýar. Bu derwaýys işlerde Muhammetmyrat Aşyrow, Çaryýar Magtymgulyýew ýaly tejribeli işçileriň päk zähmetine daýanylýar. Olar tohumlyk gowaça çigidini taýýarlamakda gujur-gaýratly zähmet çekýärler. Tohumlar seljeriji enjamdan geçirilip bellenilen ýerlere ýerleşdirilende olar arman-ýadaman işlediler.
Beýleki kärhanalarda bolşy ýaly, bu kärhanada hem tehnika bilen üpjünçilik döwrüň talabyna laýykdyr. Tirkegler, traktorlar tohumlyk gowaça çigidini ýerlere daşamakda-da bökdençlik döretmeýär. Birkemsiz taýýarlanylan tohumlaryň tonnalary wagtly-wagtynda ekiş geçiriljek ýerlere daşalýar. Munuň özi ýaz ekişi möwsüminde işleriň wagtly-wagtynda utgaşykly berjaý edilmegine mümkinçilik döredýär. Daýhanlar «Biriň müň bolsun!» diýip bereket tohumyny mele topraga höwes bilen ekýärler. Şeýle bähbitli günler bolsa bosaga geldi.
Öwezmyrat POLLYÝEW.
SURATDA: ýaz ekişine taýýar edilen tohumlyk çigidiň harmany.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.