Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenilip geçildi

04.09.2026

Garaşylan 1-nji sentýabr hem gelip ýetdi. Güýz paslynyň ilkinji güni bilim ojaklarynyň gapysy giňden açyldy. Sebäbi, bu ajaýyp günde täze okuw ýylyna badalga berildi. Bilimler we talyp ýaşlar güni bolan 1-nji sentýabrda ýokary okuw jaýlarynyň hem-de ak mekdepleriň howlusynda baýramçylyk dabarasy giňden ýaýbaňlandyryldy. Şol gün ýaňlanan şirin mukamlar, aýdylan ajaýyp gutlaglar täze okuw ýylynyň buşlukçysy kimin çar tarapa ýaýrady. Aýratyn-da, baýramçylyk dabarasynda kakylan ilkinji jaňyň sesi, ýerine ýetirilen Döwlet senasy hemmelerde tolgundyryjy pursatlary ýatda galdyrdy. Umuman, 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar güni kalplara ylham, ertirki güne sarsmaz ynam eçilýän mukaddes baýramçylyk hökmünde eziz Watanymyzyň her bir ojagynda uly dabara bilen garşylanyldy.

Ajaýyp baýramçylyk dabarasy tamamlanandan soň her ýyl däp bolşy ýaly, ähli bilim ojaklarynda ilkinji sapak geçirildi. Üstümizdäki ýylda, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ady bilen geçirilen ilkinji sapakda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, eziz Diýarymyzyň parahatçylyk söýüjilik syýasaty hakynda giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, ýaş nesilleriň bilim almagy, ylym, sport bilen meşgullanmagy üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, şol amatly şertlerden peýdalanyp, oňat okap, ussat hünärmenler bolup ýetişmelidigini, Watanymyzyň abraýyna abraý goşmalydygyny nygtadylar.

Bu günki gün mekdep partasynda ilkinji gezek oturyp, hormatly Prezidentimiziň noutbuk kompýuter sowgadyny alan 1-nji synp okuwçylary, geljekki hünärmenler — 1-nji ýyl talyplary üçin durmuşyň iň täsin we gyzykly sahypasy açyldy. Geljekde mekdep partasyndan başlap, ýokary okuw mekdepde bilimini ýokarlandyrýan her bir ýaş nesliň eziz Diýarymyzyň has-da gülläp ösmegi, özgermegi üçin öz şahsy goşandyny goşjakdygy şübhesizdir. Olar ata Watanymyza, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişerler.

Täze okuw ýylyňyz gutly bolsun, mähriban okuwçylar, talyp ýaşlar hem-de bilim işgärleri! Gadamyňyz batly, ýoluňyz ak bolsun!

Sülgün ŞADYÝEWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: dabaradan pursat.
Suraty düşüren Azym ŞEKEROW.