Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Täze okuw ýylyna taýýarlyk

17.08.2026

Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Çagalar dynç alyş möwsüminde oňat dynç alyp, täze okuw ýylyna taýýarlyk görýärler. Olar ene-atalary bilen bilelikde okuw esbaplarydyr egin-eşiklerini satyn alýarlar.

Şu günler ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda, şäher we etrap merkezlerinde, iri bazarlaryň hem-de söwda merkezleriniň ýanyndaky meýdançalarda ýörite göçme mekdep bazarlary guralýar. Bu ýerde okuwçylar üçin zerur bolan ähli harytlar bir ýerde jemlenip, onda hödürlenilýän harytlaryň agramly bölegini ýerli öndürijileriň ýokary hilli we ekologik taýdan arassa önümleri düzýär. Şeýle mekdep bazarlary biziň welaýatymyzyň çar künjeginde guraldy. Olaryň biri-de welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşiginiň welaýat köpugurly söwda bazarynyň garamagyndaky “Maru — şahu jahan” merkezi bazarynda işe başlady.

Mekdep bazarynda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleri satuwa çykaryldy. Hil taýdan gowy, amatly bahadan satuwa çykarylan harytlar çagalaryň islegini kanagatlandyrýar. Bu ýerde satylýan mekdepde geçilýän ähli derslere zerur bolan harytlaryň köpdürliligini hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle amatly harytlardan doly bazarlaryň bolmagy, türkmen telekeçileriniň halkyň islegini kanagatlandyrmakda döredijilikli zähmet çekmegi bagtyýar zamanamyzda telekeçilige giň ýol açylýandygyny äşgär edýär.

Ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy, döwrebap bilim alyp, yhlasly zähmet çekmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: mekdep bazaryndan pursat.
Suraty düşüren Şamyrat AMADOW.