Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: täze hasylyň aladasy

17.08.2026

Halkymyzda “Ekin ekseň bugdaý ek” diýlip aýdylan ajaýyp jümle bar. Munuň özi bugdaýa aýratyn hormat goýulýandygynyň alamaty bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her ýyl bugdaýyň bereketli hasyly ýetişdirilýär. Munuň özi bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikleriň döredilýändiginiň netijesidir.

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň orak möwsümini üstünlikli tamamlan welaýatymyzyň gallaçy kärendeçileri ýerleri täze hasyla taýýarlamak işlerine guramaçylykly girişdiler. Her bir geçirilýän agrotehniki çäräniň ekiniň hasyllylygyny artdyrmakda ähmiýetli bolşy ýaly, ekişden öňki alnyp barylýan işler hem bol hasyl üçin örän derwaýysdyr. Üstümizdäki ýylda 170 müň gektar ýere bugdaý ekmek meýilleşdirilip, şu günlerde sürüm, tekizleşik işleri agrotehnikanyň talaplaryna görä alnyp barylýar. Ýerleriň tekiz bolmagy hem hökmanydyr. Ýagny, ýer tekiz bolsa suwuň endigan tutulmagyna, ýerleriň deň taba gelip, ekişi wagtynda geçirmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de, topragyň gurplanmagy üçin iýmitlendiriş işleri geçirilýär.

Meýdanda edilýän işler tehnikanyň güýji bilen ýerine ýetirilýär. “Tehnika — — daýhanyň daýanjy” diýip hem şonuň üçin aýdylan bolsa gerek. Sürüm traktorlarynyň, azallaryň, tekizleýji gurallaryň wagtynda abatlanmagy degişli çäreleriň ýokary hilli geçirilmegine mümkinçilik berýär. Daýhan birleşikleriniň, “Obahyzmat” önümçilik kärhanalarynyň kuwwatly tehnikalary ulanylyp, gysga wagtda birnäçe gektar ýerlerde sürüm, tekizleşik işleri geçirilýär.

“Tomus depesi gaýnamadygyň, gyş gazany gaýnamaz” diýlişi ýaly, islendik ekine öňünden taýýarlyk görmeli. Muňa oňat düşünýän gallaçylar, tehnikalara erk edýän tejribeli mehanizatorlar ýerleri bugdaý ekişine taýýarlamagy guramaçylykly alyp barýarlar. Olar bu günki hereketiň ertirki bereketdigine örän oňat düşünýärler.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».