Sport syýasatynyň gadamlary
31.07.2026
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ulgamlary dünýä ülňülerine laýyk döwrebap derejede ösýär. Şol ulgamlar bilen deň hatarda ýurdumyzyň sport abraýy ýokary netijeleri berýär. Ýurdumyzda sporta höwesek ýaşlaryň sany ýylsaýyn artýar. Şeýle ýaşlaryň biri hem Mary etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy, Wekilbazar etrabynyň 1-nji sport mekdebiniň türgeni Resul Akmyradowdyr.
Resul indi ençeme ýyl bäri ýokarda ady agzalan sport mekdebiniň uniwersal söweş boýunça tälimçisi, Milli ýygyndy toparyň baş tälimçisi Nagmat Hojamämmedowdan tälim alyp gelýär. Ussat tälimçiden uniwersal söweşiň inçe tilsimlerini öwrenýän R.Akmyradow ýakynda Özbegistan Respublikasynyň Andižan şäherinde geçirilen sportuň garyşyk söweş sungaty boýunça dünýä çempionatynda 44 kilograma çenli agramda çykyş edip, 2 sany altyn medala hem-de dünýäniň 2 gezek çempiony diýen ada eýe boldy.
Soňra ol Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen uniwersal söweş boýunça “Daşkent open” halkara ýaryşynda 45 kilograma çenli agramda çykyş edip, altyn medala we çempionlyk guşagyna mynasyp boldy.
Biz hem geljekde ýaş türgen Resul Akmyradowa sport äleminde uly ýeňişleriň, üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, döwletimiziň sport abraýyny ýokary derejä çykarmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun!
Galina RAHIMOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: ýaş türgen Resul Akmyradow.