Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar
31.07.2026
Gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde Baýramaly etrabynyň “Täze ýol” daýhan birleşiginiň 1-nji kärendeçiler toparynyň ýer eýeleri yhlasyny gaýgyrman zähmet çekýärler. Töre Genjimowyň ýolbaşçylyk edýän bu topary 98 gektar ýerde bereketli “ak altyny” ýetişdirmek üçin gowaçanyň idegini ýetirýärler. Tejribeli, guramaçy, öz işiniň ussady T.Genjimow kärendeçilere hemişe degerli maslahatlaryny berip durýar. Toparda işler agzybirlikli alnyp barylýar. Munuň netijesinde gowaçalaryň boýlary ösgün bolup, kärendeçiler ondan göwnejaý hasyl alýarlar. Hakykatdan-da, gowaçalary synlanyňda ideg, bejergi işleriniň oňat alnyp barlandygyna, suwunyň ýeterlik bolandygyna göz ýetirýärsiň. Göwnejaý idegiň oňat netije berýändigine gowy düşünýän gallaçy kärendeçiler arman-ýadaman zähmet çekýärler.
Pagtaçy kärendeçileriň gowaçaly pelleri göwnüňi göterýär. Munuň özi azap bilen dökülen deriň ýerine düşendigini äşgär edýär. Gözüňi dokundyryp duran şeýle hasylyň ýetişmeginde kärendeçileriň — Rozymyrat Döwletowyň, Maksat Hemraýewiň, Kakageldi we Eziz Derýaýewleriň goşandynyň uludygyny toparyň ýolbaşçysy buýsanç bilen aýtdy. Ady agzalan kärendeçileriň ekiniň idegini ýetirmekde has ussatlyk bilen çemeleşip, kärdeşlerine görelde bolýandygyny hem aýratyn bellemek gerek. Şeýle-de, kärendeçiler bilen birlikde mehanizatorlaryň hem ekiniň bol hasyl toplamagynda aýratyn hyzmatynyň bardygyny bellemelidiris. Olar gowaçalaryň hatar aralaryny ýumşatmakda, iýmitlendiriş işlerini geçirmekde yhlasyny gaýgyrmaýarlar.
— Hormatly Prezidentimiziň pagtanyň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleri, olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin döredýän mümkinçilikleri kärendeçilerimizi tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Olaryň yhlasly zähmeti bilen üstümizdäki ýylda has-da ýokary hasyl ýetişdirmäge çalyşýarys. Nesip bolsa, “Çekseň zähmet — ýagar rehnet” diýilişi ýaly, agzybirlikde alyp barýan işimiz oňyn netijesini hem berer — diýip, daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Töre Genjimow gürrüň berýär.
Daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Töre Genjimowyň özi hem 7 gektar ýere eýelik etmek bilen toparyndaky kärendeçilere görelde bolýar. Ol eýelik edýän ýerinde ekin dolanyşygy esasynda bugdaýdyr gowaçany gezekleşdirip ekip, ýylyň-ýylyna ýokary hasyl almagy başarýar. T.Genjimow “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda kärende ýerinde gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda aladalanýar. Oňa möwsümleýin ýerine ýetirilýän meýdan işlerinde maşgala agzalaryndan gelni Bägül Genjimowa, ogullary Batyr, Abdyresul Jumageldiýewler ýakyndan kömek berýärler.
Birkemsiz idegi ýetirilýän gowaçalar göwnüňi göterýär. Barha boý alýan gowaçalaryň şahalaryndaky düzüm-düzüm gozalar açylmagyň öň ýanynda. Bu bolsa daýhan yhlasynyň ýerine düşýändiginiň alamaty bolup durýar.
Toparyň kärendeçileriniň yhlasly zähmeti, şeýle-de, gowaçalaryň şahalaryndaky ýetişen körekler ýygym möwsüminde bereketli hasyl toplanjakdygyna uly ynam döredýär.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATDA: toparyň ýolbaşçysy
Töre Genjimow ekin meýdanynda.
Surata düşüren Döwlet MUHAMOW.