Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bag — durmuşyň bezegi

12.03.2021

«Köpri gurmak, ýol çekmek hem- -de bag ekmek örän sogap iş hasaplanýar. Bag ekmek dünýäniň bakylygyna goşant goşmakdyr, ene topraga öz adyňy müdimilik ýazmakdyr» diýip, hormatly Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasynda belläp geçdi. Her ýylyň ýaz we güýz paslynda hormatly Arkadagymyzyň göreldesine eýerip, ähli türkmen halkymyz bag ekmek dabarasyna işjeň gatnaşýar.
Hormatly Arkadagymyz bize ähli işde beýik mugallym, görelde bolup zähmetsöýerligiň, watansöýüjiligiň beýik nusgasyny görkezip, agzybir türkmen halkymyz bilen tebigata aýawly garamak, bag ekmek däp-dessuryny ýöredýär. Ekilýän baglar tebigatymyzyň gözelligine gözellik goşýar, toprak-howa şertlerimizi gowulandyrýar, iň esasy zat bolsa döwletimiziň baş baýlygy bolan adam saglygynyň aladasy edilýär.
Hormatly Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynyň «Zähmetsöýerlik — gaýratlylygyň gözbaşy» bölüminde şeýle belläp geçýär:
«Ýaş nesillerde zähmete söýgini terbiýelemek diýmek, olara wagty netijeli peýdalanmagy öwretmekdir. Tebigata söýgi döretmek, ýaş nahallara ideg etmegi öwretmek terbiýesi bedeniň arassa howada işjeň hereketde bolmagy bilen utgaşdyrylýar. Munuň özi ýaş nesillerde rehimdarlygy, sahawatlylygy kemala getirmekde hem bähbitli bolar». Halkymyzda: «Zähmet — soňy rehnet» diýilýär. Bag ekmek diýmek munuň özi topragymyzy gülletmek, ösümlik we haýwanat dünýämizi baýlaşdyrmak diýmekdir. Baglaryň, gülleriň, ösümlikleriň dürli görnüşlerini ekmek bilen biz ýaşlarda zähmetsöýerligi, watansöýüjiligi, ruhubelentligi, sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýeleýäris.
Zähmetsöýerlik barada «Paýhas çesmesi» kitabynda, «Miweli bagyň başy aşak», «Bag timarsyz bolmaz», «Agajy ýaşlykdan bük», «Ýüz düýp agaç eken oduna gitmez», «Bag ekmedik kölegede saýalamaz» diýen nakyllarda beýan edilýär. Bag ekmek adam saglygyna oňaýly täsir edýär, adam daş-töwereginiň gözelliginden dynç alýar, şatlanýar, ruhy lezzet alýar, ösüp gelýän ýaş nesliň aňynda zähmete bolan beýik söýgi terbiýelenýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremegiň howa şertlerini gowulandyrmakda ähmiýeti uludyr.
Goý, bize bag, gül, dermanlyk ösümlikleri ekmek bagtyny peşgeş beren hormatly Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, bütin adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri baky rowaç bolsun!

Döwletjan ÖWEZMYRADOW.
Baýramaly etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary, TAP-nyň etrap komitetiniň işjeň agzasy.