TÄZE DESGANYŇ DÜÝBI TUTULDY
15.12.2020
Dowamly ýyllardan bäri Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz goňşy Owganystan Yslam Respublikasynyň halkyna parahat, asuda durmuşy gurmakda hemmetaraplaýyn doganlyk, ynsanperwerlik kömegini berip gelýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisini, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisini guramak ýaly iri taslamalar durmuşa geçirilýär. Munuň özi diňe bir ady agzalan döwlet üçin däl, eýsem, sebitiň ýurtlary üçin hem uly ähmiýete eýe bolar.
Golaýda Serhetabat etrabynyň çäginde TOP taslamasynyň 1-nji tapgyry Mary DES-inden Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat şäheri ugry boýunça kuwwaty 220 KW bolan elektrik geçirijiniň we 220 KW paýlaýjy bekediň düýbi tutuldy. Bu beket 220 KW, 2 zynjyrly elektrik geçirijisi bolup, Mary DES-inden Türkmenistan — Owganystan serhedine çenli gurulmaga niýetlenilýär. Hut şonuň üçin hem bu ýerde şu bekediň gurulmagy welaýatymyzyň elektrik halkalaýyn ulgamyny emele getirer.
— TOP-nyň elektrik üpjünçiligini şu guruljak desgasyndan üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Beketden ulanyljak elektrik energiýasynyň artykmaç bölegini birinji tapgyrda Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatyna, ikinji tapgyr-da bolsa, şol döwletiň Kandagar welaýatyna eksport etmek göz öňünde tutulýar.
Energetika pudagyny ösdürmekde dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda öňe çykan ýurdumyzda elektrik energiýasynyň, ilkinji nobatda, Owganystan döwletine iberilýän möçberini has-da artdyrmaga ýol açylýar. Desganyň gurluşygyny 2021-nji ýylyň awgustynda tamamlamak meýilleşdirilýär. Bu bekediň gurluşygyny “Çalyk Enerji” türk kompaniýasy alyp barýar — diýip, Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň TOP ugry boýunça halkara elektroenergetika taslamalar müdirliginiň başlygynyň orunbasary Serdar Saparow bilen söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.
Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, Sakarçäge, Tagtabazar, Serhetabat etrap, medeniýet öýleriniň ussat aýdymçylarydyr tansçy toparlarynyň çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: dabaradan pursatlar.
Suratlary düşüren awtor.
(suratlary 04.02.2020)