Dünýäniň bar görki...
10.03.2021
Bir asyry arka atan ene mähirli garşylap, «Geleweri, balam!” diýýär welin, dünýäň giňelýär. Salam-helikden soň, durşy bilen nakyla meňzeş sözlerini diňläp, soraglarymy berýän. «Ogulgözel daýza, tüweleme, ýüz ýaşapsyňyz, gutly bolsun!”. «Sag bol, balam”. «Size güneşli Türkmenistanyň ilkinji mugallymlarynyň biri diýýärler” diýdim welin, Ogulgözel daýza söze başlady.
— Rastdyr, balam. 1930-njy ýylda ilkinji alym, magaryfçy, terjimeçi hökmünde uly hormata eýe bolan obadaşym Allaguly Garahanowyň Mary şäherinde esaslandyran ýaşlar mekdebine okuwa girdim. Iki ýyldan türkmen, rus dilleri boýunça ders berýän mugallym bolup, obamyzdaky mekdepde çaga okadyp başladym. Kolhozymyzyň şähere ýakynlygy üçin men rus, ermeni çagalary bilen bile oýnaýardym. Ol bolsa dürli dilleri öwrenmegime, ösmegime ýardam berýärdi. Galyberse-de, kolhozyň başlygynyň orunbasary bolup işleýän kakam Kömek Aly «Halal kesbi tap diýseler çaga okatmakdan halal zat ýok” diýip, ejem Enejanam ony goldap, ikisi meniň kynçylyk çeken ýerimde kömek, goldaw berdiler. Ilki obamyzda, soň durmuşa çykan ýerimde, mekdepde okuwçylara harby ugurdan tälim berýän gaýynatamyň ogly Çepi Amma oglunyň ýardamy bilen 1942-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginde mugallym, çagalar bagynda terbiýeçi bolup işe başladym. Şol ýerde hem soň etrap magaryf bölümine ýolbaşçy bolan Agahan Batyra gabat geldim. Menden üç ýaş kiçiligine garamazdan, ol eýýäm tejribeli mugallym ýaly gürleýärdi, gysgajyk wagtda maňa ençeme peýdaly maslahatlary bermäge ýaltanmady. Men durmuşa çykan ýerimde hem şol öwrenen endigimi dowam etdim, ilden artyk ýaşamadym, il aç bolsa aç boldum,dok bolsa dok boldum, il bilen deň ädim ätjek boldum.
... Uly howlynyň içinde ýerleşen jaýyň bir otagynda oturan ene bir eli bilen sallançak üwreýär. Oglanjyk garaja gözüni güldürip enesiniň arkasynda, gyzjagaz gurjagyny oýnap, gujagynda, ýene bir oglanjyk arabasyny güwledip otagda okkessirme geçýär. Enäniň elewreýän göreçleri bolsa, olaryň hemme hereketlerini görýär. Şol bir wagtda öz boýnundan,arkasyndan aslyşýan çagalara söýget berip: “Balajyklarym, häzir boluň” diýýär. Bu şähdaçyk, dili süýji enä häliden bäri meni heýjana salýan soragy bermek isläp:
— Uzak ýaşamagyň syry nämede?— diýdim.
Ol ilki soragy eşitmeýän ýaly oturdy, sowalymy gaýtalajak bolanymda “Balam, soragyňy eşitdim” diýdi-de ýüzüme seretdi. Soňam:
— Meniň döwrüm, hasam, 1930-1950-nji ýyllar gahatçylyga, gytçylyga, açlyga gabat geldi. Onsoň, günde bukjama nan salyp, mekdebe barardym. Iýer ýaly zady bolmadyk, ýagdaýy pes maşgalanyň maýda çagasy: “Mugallym ajykýan, öýe gidip, nan iýip geläýeýin?” diýse, ýanymdaky nanymy bölek-bölek edip okuwçylaryň hemmesine deňje paýlardym. Onsoň olar uly arakesmede öýlerine gidip: «Eje, mollum bize nan, suw berdi” diýip, ejelerine buşlaýardylar. Şonda özümi menden bagtly adam ýok hasap edýärdim. Ajy doýurmak, birine ýagşylyk etmek, ýaşyňy uzaldýar. Olar saňa ýagşylyk dileýärler, seňem ýaşyň uzaýar. Uzak ýaşyň syry ile ýagşylyk etmekde, iliň begenjine begenip, aglanyň agysyna goşulmakda. Ýagşylyk etseň ýagşylyk alarsyň, ýamanlyk etseň ýamanlyk alarsyň. Ine, balam, meň-ä uzak ýaşymyň başga syry ýok. Hawa, ýene bir zadam aýdaýyn, meniň çagam kän, sarsmaz, baý maşgalaly. Molla Töre ahun myhman bolan ýeriniň öý bikesiniň dört oglunyň bardygyny bilende baş egip, salam berer ekeni. Meniň-ä Hudaýa şükür, 5 oglum, 5 gyzym, 31 agtygym, 74 çowlugym, 4 ýuwlugym bar. Gelinlerime-de, “Hudaý çaga berýärkä alyň, sebäbi çaga rysky bilen gelýändir” diýýän — diýdi.
Eger nesibäňiz çekip, Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşligine gelseňiz, il-günüň alkyşyna eýe bolup, bir asyry arka atan Ogulgözel Motjaýewany görmegi ýadyňyzdan çykarmaň. Şükür, entek enäniň gurbatam, güýjem bar. Bir zady okap beräýjegem bolsaňyz, gowusy, onuň özüne beriň, gözi ýitidir, özi okar, soňam mugallymçylygyň heniz hiç kime belli bolmadyk syrlaryny, geň-enaýy rowaýatlary aýdyp berer, arasynda rus dilinden hem düşündiriş berer. Wagt tapyp görüň, diňläň, sebäbi «Ýagşyny görmek jennet» diýipdirler. Hawa, elli ýylda adam keşbi, ýüz ýylda durmuş keşbi üýtgeýär. Telim nesil gelip geçýär, her nesliň öz dünýäsi, öz endigi, öz durmuşa garaýşy, edim-gylymy bolýar. Döwür her nesle öz möhrüni basýar, nesillerem şol möhür bilen tanalýar. Bir nesil gider, ýerine beýleki geler, ýöne adam gatnaşyklarynyň özenini düzýän Ogulgözel enäniňki ýaly ahlak gymmatlyklary welin, üýtgewsiz galýar. Durmuşyň arassalygyna, sagdynlygyna, ýaşaýşa ukyplydygyna diňe şol gymmatlyklar täsir edýär ahyryn.
Amanmuhammet Nepesow.
Ýazyjy.
SURATDA: ýüz ýaşy arka atan ene Ogulgözel Motjaýewa.