Halkara zenanlar güni dabaraly belenip geçildi
10.03.2021
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň Halkara zenanlar gününiň baýramçylyk dabarasy Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň çar künjeginde belentden ýaňlandy. Bu senäniň ýurdumyzda giňden bellenilmegi hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza goýulýan, belent sarpa, zenanlarymyzyň eşretli durmuşda päk zähmet çekip, döwrebap dynç almaklaryna döredilýän şertlere, olar hakynda edilýän uly aladalara şaýatlyk edýär. Ajap eýýamymyzda gelin-gyzlarymyzyň erkek adamlar bilen deň hatarda halk hojalygynyň dürli pudaklarynda, saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda, harby we hukuk goraýjy edaralarynda döredijilikli zähmet çekmeklerine zerur şertler döredilýär.
Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaraly çärelerde türkmen zenanlaryna sarpa goýmak asylly däbe öwrüldi. Golaýda şu senä bagyşlanyp Mary şäherindäki welaýat medeniýet köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Bu çärede 8 we şondan köp çagany dünýä inderen enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşanynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Baýramçylyk dabarasynda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew çykyş edip, ýygnananlary Halkara zenanlar güni bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz tarapyndan köp çagaly eneler hakynda edilýän uly aladalar dogrusynda durup geçdi. Şeýle hem bu çärede 8 we şondan köp çagany dünýä inderen enelere hormatly Prezidentimiziň adyndan “Ene mähri” diýen hormatly adyň nyşany we baýramçylyk sowgady dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Güneşli Diýarymyzda bahar paslynyň ilkinji günleri bellenilip geçilýän Halkara zenanlar güni biziň welaýatymyzda-da şatlyk-şowhuna beslenip geçirildi. Şeýle baýramçylyk çäreleriniň biri Oguzhan etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinde-de guralyp, ol dabara gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Bu dabarada Halkara zenanlar güni mynasybetli 8 we şondan köp çagany dünýä inderen eneleriň ikisine täze, döwrebap ýaşaýyş jaýynyň açary gowşuryldy. Has takygyny aýtsak, Baýramaly şäheriniň ýaşaýjysy 8 çaga — 3 ogul, 5 gyzy dünýä inderen Nowça Meredowa ýoldaşy Berdi Meredow bilen täze jaýyň eýeleri boldular. Hut şeýle baýramçylyk sowgadyna Murgap etrabynyň Şordepe geňeşliginiň ýaşaýjysy 8 çaga — 6 ogul, iki gyzy dünýä inderen Bossan Myratlyýewa ýanýoldaşy Öwezgeldi Myratlyýew bilen mynasyp boldular.
Baýramçylyk dabarasynda welaýat häkimi Döwranberdi Annaberdiýew köp çagaly eneleri Halkara zenanlar güni bilen mähirli gutlady hem-de bagtyýar maşgalalara döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Ajap eýýamymyzda döwlet Baştutanymyzyň türkmen zenanlarynyň bagtyýar, abadan durmuşda päk zähmet çekip, döwletli döwranyň hözirini görmekleri ugrundaky taýsyz tagallalary barada gürrüň berdi. Şu dabaraly çärä bagyşlanyp, belentden ýaňlanan şirin aýdym sazlaryň owazy döwrebap şäherçä baýramçylyk şowhunyny çaýdy.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: dabaraly çärelerden pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.