Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

27.02.2025

Döwletli-döwranda ýaşaýan halkymyz üstünlikleriň täze belentliklerine çykyp, has röwşen geljegine tarap ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýar.

“Bilimli nesil — kuwwatly Watan” diýen ganatly şygara beslenen ýurdumyzda bilim ulgamyna aýratyn uly üns berilýär. Çünki, ýaşlara ýurdumyzy gülletjek nesil hökmünde uly ynam bildirilýär. Ýaş nesliň sowatly bolmagy üçin orta mekdeplerde möhüm işler alnyp barylýar. Munuň şeýledigine biz öz zähmet çekýän mekdebimizde hem aýdyň göz ýetirýäris. Biziň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen mekdebimizde okuwçylara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ruhuna bap bilim we terbiýe bermek üçin ähli şertler bar. Biz kärdeşlerimiz bilen tejribe alşyp işlemek bilen ýaşlaryň bilimleri kemsiz ele alyp, ajaýyp döwrüň sowatly nesilleri bolup ýetişmekleri üçin yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Yhlasyň bar ýerinde bolsa, üstünligem gazanylýar. Okuwçylarymyzyň daşary ýurt dillerini öwrenmäge höwesekdigi bizi buýsandyrýar. Daşary ýurt dilleri babatda geçirýän dürli çärelerimiz bolsa, olaryň sowatlylygyny has-da berkitmäge ýardam edýär.

Biziň eziz Watanymyzy gülledip ösdürýän, türkmen halkyny has nurana günlere tarap alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik tutumly başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Güljan GANDYMOWA.

Baýramaly etrabyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiň mugallymy, TZB-niň işjeň agzasy.