Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýeňişli sepgitleriň miwesi

13.02.2025

Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 7-nji fewralynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi. Giňişleýin mejlisde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çykyş edip, geçen ýylda gazanylan üstünliklere jikme-jik seljerme berdi. Şeýle hem giňişleýin mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz Sakarçäge etrabynyň 2024-nji ýylyň jemleri boýunça geçirilen bäsleşikde ýeňiji bolan etrap diýip yglan etmek we bu etrabyň häkimligini 1 million amerikan dollary möçberinde pul baýragy bilen sylaglamak hakynda Buýruklara gol çekmegi guwançly waka boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz ösüş-özgerişleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli giň möçberli işleriň bady artýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde tutumly işler durmuşa geçirilýär.

Türkmen ili guwanç we buýsanç duýgulary bilen 2025-nji — “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýyla gadam basdy. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ilkinji aýlarynyň ýeňişli menzilleri geljekde has uly ýeňişleriň ýar boljakdygyna şaýatlyk edýär. Geçen ýylyň jemleri boýunça bäsleşikde Sakarçäge etrabynyň ýeňiji diýlip yglan edilmegi etrabyň ýaşaýjylarynda guwanç duýgusyny döretdi. Etrabyň zähmetkeşleriniň 2024-nji ýyly ýeňişlere beslemekdäki ýadawsyz aladalary ýerine düşdi. Etrapda senagat, gurluşyk kärhanalarynyň ençemesi bolup, olarda işler talabalaýyk alnyp barylýar. Aýratynam, etrabyň Şatlyk şäherindäki gaz senagatyna degişli kärhanalaryň işgärleriniň tagallalary bilen, tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna saldamly goşant goşulýar. Sakarçäge etrabynyň zähmetsöýer adamlarynyň bu ýeňşi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da tijenip zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Etrabyň bäsleşikde ýeňiji bolmagy mynasybetli baýragy gowşurmagyň dabarasam şatlyk-şowhuna beslendi. Bu dabara etrabyň Döwletli zaman şäherçesiniň medeniýet öýünde geçirildi. Oňa etrabyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we ýaşuly nesliň wekilleri hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň başlygy Oguljennet Berdiliýewa baýragy Sakarçäge etrabynyň häkimi Berdimuhammet Taganowa dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Maslahatda welaýat häkimi Begençmyrat Orazow, Sakarçäge etrabynyň häkimi Berdimuhammet Taganow, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Duşak Annagulyýew we beýlekiler çykyş etdiler. Olar ýygnananlary etrabyň bäsleşikde ýeňiji bolmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösdürmekde durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, gazanylýan üstünlikler barada durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlara ýugrulan çykyşlar döwletli döwranymyza çäksiz buýsanç bolup ýaňlandy. Maslahatda hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edildi. Dabarada medeniýet we sungat ussatlarynyň şowhunly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini berip, oňa gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda Sakarçäge etrabynyň bäsleşikde ýeňiji bolmagy mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Baýram AMANOW.
“Maru — şahu jahan”.