Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bahar aladalary

04.03.2021

Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlar bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy hem belent sepgitleri eýeleýär. Ýurdumyzda daýhanlara halal zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Özleri barada edilýän alada jogap edip daýhanlar bugdaýyň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, şeýle hem gök ekinleriň bol hasylyny ýetişdirýärler.
Ýylyň-ýylyna ýokary hasyl almagy başarýan tejribeli kärendeçileriň biri hem Murgap etrabynyň «Murgap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Kakajan Akmämmedowdyr. Ol daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän 8 gektar ýerinde üzümiň bereketli hasylyny ýetişdirýär. Kakajan aga üzüm ýetişdirmek işi bilen 15 ýyl bäri meşgullanýar. Geçen ýyllaryň içinde ýeterlik tejribe toplan kärendeçi bilen duşuşanymyzda köp ýyllyk ekin bolan üzümi ýetişdirip idetmek boýunça TAP-nyň Mary şäher, Murgap etrap birleşmeleri bilen bilelikde özara pikir alşyldy. Şonda K. Akmämmedow bu ekinden bol hasyl almagyň usullary barada şeýle gürrüň berdi:
— Gyş möwsümi üzümçi kärendeçi üçin jogapkärli möwsüm hasaplanýar. Onda üzümli atyzlary suwarmaly, şeýle hem üzümi gyrkyp timarlamaly. Halkymyzyň arasynda “Uly çillede suw içen üzüm suwsamaz» diýip aýdylan söz bar. Gyşda üzümi suwarmagyň ähmiýeti örän uly. Şeýle hem üzümiň bol hasylyny almak üçin esasy işleriň biri üzümi wagtynda gyrkmakdyr. «Üzümi köre kesdirmeli», «Üzümi kesseň janlanar» diýip örän jaýdar aýdylan söz bar. Üzüm şahalarynyň guranyny, uzynlarynyň gerek bognundan galanyny kesmek zerurdyr. Mundan başga-da hatararalaryny ýumşatmak, iýmitlendirmek işlerini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirmeli. Şu işler öz wagtynda ýokary hilli geçirilse, üzümden bereketli hasyl alyp bolar.
Kärendeçi üzümleriň terbaş we monty görnüşlerini ýetişdirýär. Kakajan aga üzümçilik meýdanynda ideg işlerine Agajan Akmämmedow, Gammar Gurbanow, Orazguly Jüpbiýew ýakyndan ýardam berýärler. Şu günler hem gyşky işleri ýerine ýetirýärler. Olar Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda-da üzümden bol hasyl alyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna zähmet üstünlikleri bilen barmagy maksat edinýärler.
Zähmet çekip tapawutlananlara TAP-nyň Mary şäher, Murgap etrap birleşmeleri tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

D. ORAZGELDIÝEWA.
SURATDA: üzümçilikde ideg işleriniň ýerine ýetirilýän pursaty.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.