Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Döwür. Çaga. Terbiýe.

16.01.2025

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy tälim beren ussatlaryna uly hormat goýupdyr. Onuň “Tälim beren ussadyňdan aýrylma” diýen setirini okanyňda hem muňa aýdyň göz ýetirmek bolýar.

Ussatlygyňy halk ykrar etmeli. Ýagny, mugallym, terbiýeçi, aýdymçy, suratkeş, halyçy haýsy bir hünäriň eýesi bolsaňam, ol şeýle bolmaly. Aýna Berkeliýewa Mary şäherindäki 35-nji çagalar bakja-bagynda indi 30 ýyl töweregi wagt bäri zähmet çekýär. Onuň bilim-terbiýe beren çagalary dürli okuw jaýlarynda okap, durmuşda öz orunlaryny tapýarlar. Çünki, bu mugallym çagalary öz mähri, yhlasy, zähmetsöýerligi, işjeňligi, aladaçyllygy bilen gurşap alýar. Ol çaga berilýän sowadyň netijesiniň ýokary bolmagyny gazanmaga çalyşýar.

Durmuşda bilim ilkinji orunda durýar. Mugallym aýratyn adamkärçiligi bilen belent hormatyň eýesi bolýar. Ol bilim baýlygyny çagalara bagyşlaýar. Bilim iň uly baýlyk hasaplanylýar. Ony ýaş neslimize ýetirmek mugallymlaryň paýyna düşýär. Aýna mugallym hem şeýle hormat-sylagyň eýesi bolmagy başarýar. Biz hem köp ýylyň tejribeli terbiýeçisi Aýna mugallyma geljekde-de jogapkärli işinde üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

O. SÖÝÜNOWA.
SURATDA: tejribeli terbiýeçi Aýna Berkeliýewa çagalar bilen.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.