Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: işler utgaşykly barýar

16.01.2025

Welaýatymyzyň beýleki gallaçy kärendeçileri bilen birlikde Türkmengala etrabynyň ak ekin ussatlary-da täze — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny üstünliklere besleýärler. Öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýan “Ýeňiş” daýhan birleşiginiň gallaçylary hem ýylyň-ýylyna bol hasyly kemala getirip, ýokary netijeleri gazanýarlar. Hojalykda bereketli hasyl öndürip, girdejilerini artdyrýan kärendeçileriň birnäçesi bar. Olar hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uludan toýlanyljak ýylyny zähmet sowgatly garşylamagy maksat edinýärler.

Daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanynyň 325 gektar ýerinde ak ekiniň bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär. Tejribeli kärendeçiler Döwlet Ataballyýew, Gurbangeldi Kerimow, Oguljan Gurbanmyradowa, Ýazmuhammet Ataşow kadaly boý alyp, gök öwsüp oturan maýsalaryna guwanýarlar. Olar kärdeşlerine görelde bolýarlar. Bol hasyla bil baglaýan kärendeçiler ösüş suwuny tutmak, iýmitlendirmek işlerini utgaşykly alyp barýar. Iýmitlendiriş işlerini geçirmekde mehanizatorlar ýakyndan ýardam berýärler. Tejribeli, tehnikalara ussatlyk bilen erk edýän mehanizatorlardan Serdar Saparowyň, Dörtguly Esedowyň, Serdar Hojakulyýewiň atlaryny agzamak bolar. Hojalygyň hasyl ussatlary bugdaýyň idegini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirip, suwy, döküni ýetik ekinleriň boý alşyna buýsanýarlar.

— Hormatly Prezidentimiziň toprakdan bol hasyl almak üçin berýän kömek goldawlary ekerançylarymyzy ýeňişli sepgide ýetmäge ruhlandyrýar. Tohum, suw, dökün, tehnika bilen üpjünçiligi gowy daýhanlar topraga ekleýjisi hökmünde garap, çekýän zähmetiniň hözirini görýärler. Olaryň hemişe ruhy belent, gadamy batly, ümzügi öňe. Kärendeçilerimiziň her biri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş aýdýarlar diýip, daýhan birleşigiň başlygy Gurban Esedow söhbetdeş bolanymyzda aýtdy.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».