Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Uly ýeňişlere badalga

16.01.2025

Hemmämize mälim bolşy ýaly, 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly üstünliklere beslendi. Geçen ýylda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ähli ulgamlarda — — saglygy goraýyşda, medeniýetde, bilimde, şol sanda ykdysadyýetde, halkara gatnaşyklarynda giň gerimli işler alnyp baryldy. 2024-nji ýylyň üstünlige beslenip, tamamlanyp barýan minutlarynda hormatly Prezidentimiz özüniň gutlag sözi bilen çykyş etdi. Şol pursat Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýylyň dowamynda alnyp barlan işler dogrusynda, şol sanda geljek ýylda göz öňünde tutulýan maksatlar dogrusynda giňişleýin aýdyp geçdi. Hakykatdan-da ýurdumyzda geçen ýylda beýik işler durmuşa geçirildi, akyldar şahyrymyza goýulýan sarpanyň uludygyny äşgär edýän täsirli çäreler guraldy.

Bu günki gün bolsa, türkmen halky Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny zähmet üstünliklerine, taryhy wakalara beslemek üçin ynamly öňe barýar. Her bir ulgamda zähmet çekýän ildeşlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ata Watanymyzyň abraýyna uly goşant goşmak üçin janaýaman işleýär. Üstümizdäki ýylyň taryha altyn harplar bilen ýazyljakdygy, her bir gününiň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şowlulyklara ýar boljakdygy şübhesizdir. Çünki, biziň ýurdumyzda “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir” diýen baş şygarymyz öňe sürlüp, ähli işler diňe halkyň bähbidine gönükdirilýändir.

Mähri SEÝTIÝEWA.
TKA-nyň welaýat birleşmesiniň esasy hünärmeni,

TZB-niň welaýat bölüminiň kätibi.