Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Maslahat geçirildi

09.01.2025

Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda «Gymmatly taryhyň beýany» ady bilen maslahat geçirildi. Bu maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň many-mazmunyny we ähmiýetini wagyz etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

Maslahatda Baýramaly etrabyndaky 22-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maral Garagulowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygynyň orunbasary, welaýat halk maslahatynyň agzasy Yklymmyrat Tuwakmyradow, TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy Tawus Gylyjowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, «Maru — şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy Aýparça Akymowa, «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň direktory Rejepmyrat Jepbarow, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy Maral Gulowa çykyş etdiler. Çykyş edenler halkymyzyň gymmatly taryhy hakynda söhbet açýan bu ajaýyp eseriň geçmişimizi öwrenmekde ähmiýetiniň uludygy, kitabyň her bir babyndaky maglumatlaryň, taryhy wakalalaryň, rowaýatlaryň diliniň baýlygy, çeperçiliginiň ýokarydygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahatyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, döwet galamynyň ýiti bolmagyny arzuw etdiler.

A. GELDIÝEWA.
SuratLARda: maslahatdan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.