Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Ýeňişli ýollary taryha ýazyp, täze ýyla gadam urdy watanym

02.01.2025

Beýik ýeňişleridir uly üstünlikleri bilen tamamlanan 2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly taryhy wakalaryny we şanly senelerini öz sahypasyna altyn harplar bilen ýazyp, her bir ynsanyň kalbynda ýatdan çykmajak ajaýyp pursatlary galdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarly Watanymyzda bagtyýar halkymyz köne ýyl bilen mähirli hoşlaşyp, süýji umyt-arzuwlar bilen täze — 2025-nji — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny» garşylady.

Ykballara bagt paýlaýan Täze ýyl baýramy ýurdumyzyň çar künjeginde uly ruhubelentlikde giňden bellenilip geçildi. Welaýatymyzdaky «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki giň meýdançada Täze ýyl baýramyna bagyşlanylyp geçirilen dabara hem şatlyk-şowhuna beslendi. Baýramçylyk dabarasy welaýat häkimligi, welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan guraldy. Dabara welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleridir işjeň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular we mährem eneler hem-de bagtyýar ýaşlardyr çagalar gatnaşdylar.

Baş arçanyň daş-töweregini gurşap alýan Täze ýyl bezegleri ajaýyp gözelligi bilen göreni haýrana goýdy we hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Dabara gatnaşyjylar Täze ýyl gutlaglaryny we arzuwlaryny ýürekden buýsançly beýan edip, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan ajaýyp pursady gelip ýetdi. Mary etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Baýrammyrat Amanmyradow welaýatymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramy bilen gyzgyn gutlady. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, täze ýylda beýik başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw etdi. Soňra teleköpri arkaly hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy diňlenildi. Şeýlelik bilen agzybir il-günümiz, täze — 2025-nji ýyla gadam basdy.

Ýeňişli ýollary taryha ýazyp, Täze ýyla gadam urdy Watanym. Beýik ösüşleri äleme ýaýyp, Täze ýyla gadam urdy Watanym.

Täze eýýam bakylygyň aýdymy, Hasyl bolýar pederleriň aýdany, Kalba dolup, Täze ýylyň baýramy. Täze ýyla gadam urdy Watanym.

Gahryman Serdarym — ýurduň Gerçegi, Belent maksatlary — halkyň geljegi, Toýa besläp, çar ýany, çar künjegi, Täze ýyla gadam urdy Watanym.

Diýarym gowşatman bedew badyny, Dünýä ýaýdy bu türkmeniň adyny, Alawladyp ojaklaryň oduny, Täze ýyla gadam urdy Watanym.

Täze ýylyň ilkinji güni Mary şäheriniň merkezindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden baýramçylyk ruhuna beslendi. Bu ýerde welaýat häkimliginiň we welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda Baýdak galdyrmak dabarasy boldy. Oňa welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar.

Bu çäre Döwlet senasynyň buýsançly owazy astynda Baýdak galdyrmak dabarasyndan başlandy. Soňra buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenler bu ýere ýygnananlary Täze ýyl baýramy bilen mähirli gutlap, olara «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen ýylynda hem işlerinde uly üstünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw etdiler.

Dabaranyň ahyrynda medeniýet we sungat işgärleriniň ösüşli Diýarymyzy, Milli Liderimizi, hormatly Prezidentimizi wasp edýän şirin aýdymlary belentden ýaňlandy.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: Täze ýyl baýramyndan we Baýdak galdyrmak dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.