Sport. Sport. Sport.
26.12.2024
Hemmämize mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda ýaş nesilleriň sport bilen yzygiderli meşgullanyp, döwlet hem-de halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolmagy asylly däbe öwrüldi. Kiçilikden sportuň küşt görnüşi boýunça meşgullanýan, dürli ýaryşlarda ýokary netijeleri gazanýan zehinli çagalaryň biri-de Anna Çaryýewadyr.
Anna Mary şäherindäki 25-nji orta mekdebiň 2-nji synpynda okaýar. Ol 4 ýaşyndan bäri küşt bilen meşgullanýar. Onuň tälimçisi Mary şäherindäki 1-nji sport mekdebiniň tälimçisi, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ejegyz Ýalkanowa bolup, ol Anna küşt göçümleriniň inçe syrlaryny öwredýär. Ýaş türgen üstümizdäki ýylda dürli ýaryşlara gatnaşyp, 5 medala hem-de 2 kuboga mynasyp boldy. Anna Mary welaýatynyň birinjiliginde, Türkmenistanyň birinjiliginde 1-nji orunlary eýelemegi başardy. Şeýle-de, zehinli küştçi ýaňy-ýakynda Taýlandda geçirilen küşt boýunça Aziýanyň birinjiliginde ikinji orna, ýagny, kümüş medala we kuboga eýe boldy. Annanyň gazanan üstünlikleri onuň küşt älemindäki şowly ädimleriniň köp boljakdygyna ynam döretdi. Ýaş türgeniň geçen hepde Aşgabat şäherinde geçirilen Türkmenistanyň birinjiliginde 9 ýaşa çenli çagalaryň arasynda III orna mynasyp bolmagy onuň özüne bolan ynamyny has-da artdyrdy.
Annanyň ejesinden zehinli türgeniň küşt bilen nädip gyzyklanyp başlandygyny soranymyzda: “Anna heniz 3 ýaşyndaka elleri bilen ýönekeýje sanlary goşup başlady. Ondan 2-ä 2-ni goşsaň näçe bolýar diýip soranymyzda, elleri bilen hasaplap 4 diýip jogap berdi. Şondan soň küşt bilen meşgullansa gowy bolar diýip pikir etdik. Ine-de, netijesi” — diýip, uly buýsanç bilen jogap berdi. Zehinli küştçi Anna Çaryýewanyň üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna eýe bolandygyny hem aýratyn bellemek gerek.
Biz hem öz gezegimizde zehinli küştçi jigimize geljekde-de okuwlarynda, sport ýaryşlarynda üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris!S ANNAGULYÝEWA.
SURATDA: küştçi gyzjagaz Anna Çaryýewa.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.