Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Täze desga ulanylmaga berildi

26.12.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gazanmak adam hakynda edilýän aladanyň biri bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Aýratynam, ýaşaýjylaryň arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanynda ýene bir guwançly wakanyň şaýady bolduk. Has takygy, Türkmengala etrabynyň çäginde kuwwatlylygy bir gije-gündiziň dowamynda 25 müň kub metr suwy arassalamaga mümkinçiligi bolan döwrebap suw arassalaýjy desgasy ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda gurlup, işe girizilen bu täze desga Türkmengala etrabynyň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Öňdebaryjy suw arassalaýjy enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu desgany “Yhlasly taslama gurluşyk” hususy kärhanasynyň zähmetsöýer işgärleri gurdular. Täze desgada bitirilen işleriň ýokary hili onuň bökdençsiz işini üpjün etmäge mümkinçilik berer.

Täze desganyň açylyş dabarasynda welaýatyň häkimi Begençmyrat Orazow, Türkmengala şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Jumamyrat Muhammedow, Türkmengalanyň ýüplük üçin kagyz tegekleri öndürýän fabriginiň ykdysatçysy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Orazgeldi Saparow we «Baky çynar» hojalyk jemgyýetiniň baş hünärmeni Batyr Ilbegiýew çykyş etdiler. Çykyş edenler döwrebap desganyň ulanylmaga berilmegi bilen gutlap, ýurt Baştutanymyzyň il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagy urgunda edýän aladalary dogrusynda durup geçdiler.

Bu suw arassalaýjy desganyň işe girizilmegi etrabyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Bu desganyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň soňky günlerinde ulanylmaga berilmegi etrabyň ýaşaýjylaryna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy. Desganyň açylyş dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň şatlyk-şowhunly çykyşlary dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.

B. MERGENOW.
SURATLARDA: täze desganyň açylyş dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.