Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

19.12.2024

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir güni guwandyryjy wakalara beslenip, halkymyzy zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu taryhy ýylda il-günümize ýapylýan sowgat-serpaýlar köňüllere ylham paýlaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan döreýän ajaýyp kitaplaryň halkymyza peşgeş berilmegi türkmen edebiýatynyň sarpasyny has-da beýgeldýär. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň toýunyň öňüsyrasynda Gahryman Arkadagymyzyň neşir edilen «Taryhy syýahat» we «Ruhy miras» diýlip atlandyrylan iki bapdan ybarat «Hakyda göwheri» atly täze kitaby hem il-günümiz üçin toý sowgady boldy.

Düýn welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat halk maslahatynyň agzalary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Dabarada, ilki bilen, welaýat häkimi Begençmyrat Orazow çykyş edip, Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň halkymyza gowuşmagy bilen tüýs ýürekden gutlady. B. Orazow çykyşynyň dowamynda bu ajaýyp kitabyň geçmiş taryhymyzy we gymmatly mirasymyzy öwrenmäge çeşme bolup durýandygyny buýsanç bilen belledi. Soňra Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Allaberdi Çaryýew, Mary etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary, Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeniniň eýesi Aksoltan Baýramowa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Maksat Janmyradow, Mary şäheriniň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, welaýat halk maslahatynyň agzasy Gülbahar Nazarowa, Mary şäheriniň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi Töre Nobatow we beýlekiler çykyş etdiler. Çykyş edenler täze kitabyň gymmatly hazyna bolup, halkymyzyň, aýratynam, alymlaryň, ýaşlaryň ýankitabyna öwrüljekdigini, şöhratly taryhymyzy, milli gymmatlyklarymyzy çuňňur beýan edýändigini, bu eseriň ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny öwran-öwran nygtadylar. Çykyşlaryň dowamynda gymmatly eserleri bilen halkymyzy yzygiderli begendirýän Gahryman Arkadagymyza, türkmen edebiýatyny arşa galdyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Tanyşdyrylyş dabarasynyň ahyrynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Joşgunly ýerine ýetirilen şirin aýdymdyr sazlar dabara gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATLARDA: tanyşdyrylyş dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.