
Parahatdyr, asudadyr toý-baýramly Watanym, dünýe içre buýsanjym sen baky bagta ýetenim
05.12.2024
2024-nji — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygynyň toýy uly ruhubelentlige beslenýär.
Golaýda bu şanly baýram mynasybetli «Aý Laçyn» toý mekanynda geçirilen baýramçylyk dabarasy «Bitaraplyk — parahatçylygyň we abadançylygyň kepili» diýlip atlandyryldy. Welaýat häkimliginiň, TZB-niň welaýat bölüminiň hem-de TKA-nyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat hem-de Mary şäher halk maslahatlarynyň agzalary, welaýat zenanlar bölüminiň geňeş agzalary, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işgärleri we işjeň agzalary, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynyň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda toý ruhunda bezelen giň sahnada welaýatyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Belentden ýaňlanan şirin aýdymdyr sazlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli işleriniň, ajaýyp döwrümiziň, bagtyýar halkymyzyň waspy ýetirildi. Aýratynam, bu ýerde Türkmenistanyň at gazanan artisti Berdi Geldiýewiň, aýdymçylar Merdan Annamämmedowyň, Eziz Nurberdiýewiň, Serdar Tirkişowyň bilelikde aýdan «Ýaşa, Arkadagly Serdarymyz!» diýen joşgunly aýdymy şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylanyldy. Şeýle-de, welaýatymyzyň «Margiana» we «Atyn asyr» tans toparlary doganlyk halklaryň milli tanslaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirip, dabara gatnaşyjylaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Dabarada baýramçylyk gutlaglary bilen çykyş eden ildeşlerimiz ýurdumyzyň parahatçylygy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürýän türkmen halkynyň Milli Liderine, hormatly Prezidentimize alkyş aýtdylar.
Bahargül MEJIDOWA.
«Maru — şahu jahan».
TZB-niň welaýat bölüminiň geňeş agzasy.
SURATLARDA: baýramçylyk dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.
