Nesil terbiýesi — wajyp wezipe
28.11.2024
Döwrümiziň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli neslini kemala getirmek iňňän wajyp wezipe. Çünki, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň ösüşli geljegi şu günki ýaş nesle baglydyr. Şonuň üçinem Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen tagallalara uly üns berýär. Ösüp gelýän nesil hakdaky yhlas-alada özüniň datly miwesini berip, bagtyýar geljegimizi nazarlaýar.
Nesil terbiýesi bilen bagly wajyp wezipeden ugur alýan mekdebimiziň mugallymlary okuwçylara durnukly bilim, mynasyp terbiýe bermekde ähli tagallalary edýärler. Mugallymyň zähmeti irginsizligi, sabyrlylygy talap edýär. Özüňde ýokardaky ýaly häsiýetleri jemlemezden mugallym bolup işlemek ýeňil düşenok. Islendik ders boýunça okuwçylara bilim bermek tutanýerliligi, geçirimliligi talap edýär. Aslynda, islendik dersiň özüne çekijiligi, gyzyklylygy mugallymyň ukyp-başarnygyndan gözbaş alýar. Men muňa öz iş tejribämden göz ýetirip gelýärin. Sapak geçenimde her bir tema boýunça aýdylýanlaryň okuwçylaryň aňynda gowy galmagy ugrunda aladalanýaryn. Sapagyň gyzykly guralmagam okuwçylarda bilmäge, öwrenmäge höwes döredýär. Galyberse-de, okuw-görkezme esbaplaryndan ýerlikli peýdalanylmagam sapagyň täsirliligini artdyrýar. Meniň pikirimçe, esasy zat, mugallymyň öz jogapkärçiligine gowy düşünip, ajap eýýamymyzyň mynasyp neslini ýetişdirmäge goşantly bolmaga çalyşmagydyr.
Oguldurdy ORAZOWA.
Wekilbazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.