Welaýatymyzda Hasyl toýy dabaraly bellenildi
14.11.2024
Hasyl toýy oba zähmetkeşleriniň göwünlerini şatlyga besleýär. Bu baýram sahawatly türkmen topragymyzyň hasyllylygyny, saçaklarymyzyň berekedini hem-de egsilmez rysgalyny, bolçulygyny görkezýär. Oba zähmetkeşleriniň gazanan üstünlikleriniň şanyna toýlanylýan Hasyl toýunda edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň miwesi özboluşly beýanyny tapýar.
Hawa, sahawatly türkmen topragynda daýhanyň ene ýere siňdirýän yhlasly zähmeti bilen bol önümler ýetişdirilip, il-günümiz eşretli günde ýaşaýar. Welaýatymyzyň zähmetsöýer adamlary geçen ýyllarda bolşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem agzybirlikli zähmetiň netijesinde öndürilýän önümleriň ähli görnüşlerini ýygnamak bilen öňde goýlan sepgide abraý bilen ýetdiler.
Oba hojalyk önümleriniň ähli görnüşlerinden bol hasyl ýygnap, ýokary görkezijileri eýelän daýhanlaryň, mehanizatorlaryň, hünärmenleriň zähmetiniň şanyna her ýylda bolşy ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem Hasyl toýy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Welaýatymyzdaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda guralan baýramçylyk çäresi, diýseň, şowhunly boldy. Oňa welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynda gök-önümlerden, bakja ekinlerinden guralan göze gelüwli sergi baýramçylyga gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi. Bu il-günümiziň bereketli saçagynda naz-nygmatlaryň, çörek we çörek önümleriniň boldugyny aňladýar. Şeýle-de, bu ýerde belentden ýaňlanan aýdym-sazlar, folklor çykyşlary çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy. Olarda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň oba hojalygynda amala aşyrýan özgertmeleriniň, edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetiniň waspy ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda oba hojalygynda tapawutlanyp zähmet çeken ildeşlerimize hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar oba zähmetkeşleri hakynda edýän yzygiderli aladalary, ekerançylaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän giň mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de, täze zähmet üstünlikleri bilen eziz Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrdyrlar.
Durdynabat BAÝRAMOWA.
“Maru — şahu jahan”.
SURATLARDA: baýramçylyk
dabarasyndan pursatlar.
Suratlary düşüren
Şamyrat AMADOW.