Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bag — durmuşyň bezegi

14.11.2024

Geçen şenbede — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 9-njy noýabrynda pederlermizden gelýän ýol-ýörelgelere eýerýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy. Güýzki bag ekmek dabarasyna hormatly Prezidentimiziň badalga bermegi halkymyzyň köňlünde begenç duýgusyny döretdi.

Gadymy Mary topragynda hem güýzki bag ekmek dabarasy guramaçylykly häsiýete eýe boldy. Mary — Aşgabat gara ýolunyň ugrunda Mary etrabynyň “Altyn Asyr” daýhan birleşiginiň çäginde welaýat derejesinde geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Ýaşuly nesliň görüm-göreldesine eýerip, adamlar agzybirlikde bag nahallaryny oturtmaga girişdiler. Bag ekmek üçin bölünip berlen 10 gektar meýdanda 4 müň düýp bag nahallary oturdyldy.

Döwlet Baştutanymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň bu çärä gatnaşmagy hemmeler üçin görelde mekdebidir. Bu sogaply çäräniň ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny goramakda möhüm orna eýe bolmagy il-halkymyzy has-da guwandyrýar. Şeýle döwletli işleriň durmuşa geçirilmegi, ilkinji nobatda, halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýandygyna, ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny goramak ýaly asylly ýörelgeleriň bardygyna güwä geçýär. Bag nahallaryny köpçülikleýin ekmek işi ýurt derejesinde üstünlikli dowam etdirilýär.

S. ILAMANOW.
SURATDA: güýzki bag ekmek dabarasyndan pursat.
Surata düşüren Şamyrat AMADOW.