Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine

07.11.2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şeýle-de, tebigaty gözelliklere baý Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, geljekki nesillerimize ýetirmekde amala aşyrylýan işler aýratyn bellärliklidir.

Ýurdumyzda bag ekmek, idetmek sogap işleriň biri hasap edilýär. Her ýylyň güýz hem ýaz pasyllarynda bag oturtmak, öňki ekilen baglary timarlamak, ideg etmek çäreleri geçirilýär. Köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak çärelerinde, saýalyk, miweli baglaryň millionlarça düýbi ekilýär.

Milli däp-dessurlarymyzy ýörelge edinip, daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmek, ondan netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň netijesinde eziz Watanymyzyň halkara derejesinde eýeleýän orny has-da ýokarlanýar.

Halkymyzda bag ekmek sogap iş hasaplanylýar. Şoňa görä-de, geçirilýän köpçülikleýin bag ekmek çäresine uludan kiçi — hemmeler agzybir gatnaşýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda tokaý zolaklarynyň döredilmegi bilen adamlaryň saglygyny goramaga, dynç almaga amatly şertler döredilýär, ekologiýanyň arassalygy üpjün edilýär.

Halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan, gözel Diýarymyzy has-da gülledip ösdürmekde belent maksatly, adamzat ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, beýik tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!

Sähet HOJAGELDIÝEW.
«Maru — şahu jahan».