Halkara zenanlar gününe
04.03.2021
Gülläp ösýän Türkmenstan döwletimiz toý-baýramlaryň mekany hasaplanýar. Ajaýyp bahar paslynyň gelmegi bilen 8-nji Mart — Halkara zenanlar güni hem ýetip geldi. Halkymyzyň tuwagy hasaplanýan zenanlaryň hormatyna bellenilýän dabaralarda ene keramaty, gelin-gyzlaryň gözelliginiň tarypy, şan-şöhraty ýene bir gez beýgelýär. Zenan mertebesine goýulýan sarpa Gahryman Arkadagymyzyň zenanlar baradaky edýän aladalarynda has-da aýdyňlygy bilen ýüze çykýar.
Golaýda Türkmengala etrabynyň medeniýet merkezinde Halkara zenanlar güni mynasybetli «Bagtyýar döwrümiziň bagtyýar zenanlary» ady bilen baýramçylyk çäresi geçirildi. Etrabyň medeniýet bölüminiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen dabaraly çärä mährem eneler hem-de edara-kärhanalarda zähmet çekýän gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Baharyň al-elwan gülleri bilen bezelen owadan sahnada mähriban enelere, zenan bagtyýarlygyna bagyşlanyp ýerine ýetirilen ajaýyp aýdym-sazlar çärä gatnaşanlaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Ene mukaddesligine bagyşlanyp ýaňlanan aýdymlar dabara gatnaşanlaryň kalbynda öz mährem enelerine bolan söýgi, mähir duýgularyny ösdürdi. Medeniýet bölüminiň gyzlar tans toparynyň ýerine ýetiren ajaýyp tanslary, etrapdaky 7-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz mugallymy Sona Gurdowanyň çeper okaýşy çäräniň has-da täsirliligini artdyrdy.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda mährem enelere, gelin-gyzlara etrap jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabaranyň ahyrynda zenan meretebisine belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza alkyşly sözler ýaňlandy.
D. GELDIMYRADOWA.
SURATDA: baýramçylyk çäresinden pursat.
Surata düşüren Azym ŞEKEROW.