Bilimli nesil — kuwwatly Watan
21.10.2024
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ata Watanymyzda körpe nesil hakynda edilýän alada giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzyň döwrebap çagalar bakja-baglarynda körpeleriň terbiýelenmegi hem-de bilim almagy, wagtlaryny hoş geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Hut şol maksat bilen tejribeli terbiýeçilerdir mugallymlar körpelere terbiýe hem-de bilim bermekde ýadawsyz işleýärler.
Ynha, şeýle tejribeli terbiýeçilerdir mugallymlar Tagtabazar etrabyndaky 1-nji çagalar bakja-bagynda hem bar. Olaryň biri-de indi biregne 16 ýyl bäri körpelere iňlis dilinden bilim berip gelýän mugallym Aýjahan Jumaýewadyr. Ol bu işiň aladasynyň, jogapkärçiliginiň ýetikdigine oňat düşünýär. Munuň özi mugallymy arzyly kärine yhlasly çemeleşmäge ruhlandyrýar. Hut şonuň üçin hem Aýjahan mugallym çagalaryň geljekde ylymly, bilimli, zähmetsöýer, watansöýüji, kärine ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ukyp-başarnygyny gaýgyrmaýar.
— Körpelere sapak geçenimde reňkli kagyzlaryň, suratlaryň üsti bilen düşündirýärin. Olara türkmen halk ertekilerini aýdyp berip, olaryň gahrymanlarynyň üsti bilen çagalaryň sözleýiş dilini ösdürmäge çalyşýaryn. Şeýle hem olarda okamaga bolan höwesi döredip, çagalara zähmetsöýerligi, ruhubelentligi öwredýärin — diýip, söhbetdeşimiz Aýjahan Jumaýewa gürrüň berdi.
Bizem çagalar bakja-bagynyň tejribeli iňlis dili mugallymy Aýjahana işinde üstünlik, rowaçlyk arzuw edýäris.
Çary AMANGELDIÝEW.
“Maru — şahu jahan”.
SURATDA: çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy
Aýjahan Jumaýewa sapak wagtynda.
Surata düşüren awtor.