Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

21.10.2024

Dünýäniň aglaba ýurtlarynda giňden peýdalanylýan sanly ykdysadyýetiň biziň ýurdumyzda-da ornaşdyrylmagy ösüş-özgerişli ýolumyzda möhüm ädim boldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy kabul edildi. Bu resminamanyň çäklerinde milli ykdysadyýetimizi we beýleki ulgamlary sanly ulgama geçirmek bilen bagly işler giňden ýaýbaňlandyryldy. Hormatly Prezidentimiz öňdebaryjy ulgamyň ornaşdyrylmagynyň meselelerine uly üns berip, bu babatda anyk wezipeleri öňde goýýar.

Sanly ykdysadyýeti halk hojalygynyň dürli pudaklaryna hem-de beýleki ulgamlara ornaşdyrmakdaky ähmiýeti örän uludyr. Şonuň bilen birlikde, bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmekde-de sanly ulgam oňyn netijesini berýär. Kämil ulgam dünýä ylymynda gazanylanlary özleşdirmäge giň mümkinçilik açýar. Täze tehnologiýalaryň bilimiň usulyýeti bilen işjeň gatnaşygy okuwlaryň guralşyna bähbitli täsirini ýetirýär. Şeýle hem institutymyzda talyp ýaşlaryň sanly ykdysadyýetiň ugur--ýollaryny düýpli ele almaklaryna uly üns berilýär. Sebäbi, sanly ulgam ösüş-özgerişli geljegimiziň ygtybarly kepilidir. Şol bir wagtda bilim ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy talyplara berilýän bilimiň hilini täze derejelere çykarmaga bähbitli amatlyklara ýol açýar. Şonuň üçinem biz öňdebaryjy ulgamyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmaga çalyşýarys.

Çaryýar AKMYRADOW.
TDEI-niň uly mugallymy, TDP-niň işjeň agzasy.