Mary welaýat

häkimligi

Baş sahypa Biz barada Täzelikler Habarlaşmak üçin

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

21.10.2024

Şu günler welaýatymyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiginiň ekerançylyk meýdanlarynda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. “Daýhandan hereket — toprakdan bereket” diýlişi ýaly, yhlasyny siňdirip, halal zähmet çekýäne topragyň berekedini bolluk bilen eçilýändigine oňat düşünýän ýer eýeleri jogapkärçilikli işleýärler. Olar şu günlerde ak gunduz kimin pagtalary ýygnamak, gant şugundyryna ideg etmek işleri bilen meşgullanýarlar. Şeýle-de bugdaý ekişini tamamlaýjy tapgyrda alyp barýarlar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hojalygyň agzybir kärendeçileri 2130 gektar ýerde gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Ýylýüzi zähmet çekip, ýetişdirilen pagtany wagtynda, isripsiz ýygnamak işleri depginli alnyp barylýar. Şöhrat Täçdurdyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän bu daýhan birleşiginde şu ýyl pagtanyň bolsady ekilen ýaly bol hasylyny ýetişdiren, topraga halallyk bilen hyzmat edip, rysgaldyr berekedi şondan gözleýän kärendeçiler sanardan köp. Ilkinjileriň hatarynda pagta ýygymyna girişip, şertnamalaýyn borçnamasyny ýerine ýetiren kärendeçilerden — Gurbanbibi Sapargylyjowanyň, Jahan Gylyjowanyň, Aýjahan Hangulyýewanyň atlaryny agzamak bolar. Bu kärendeçiler «Borçnamam-a doldum» diýip arkaýynlaşmaýarlar. Gaýta tersine bu gazanan üstünligi olary ýene zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Olar her ýylda hem bugdaýyň, pagtanyň bol hasylyny kemala getirip, öz kärdeşlerine görelde bolýarlar. Kärendeçi Gurbanbibi Sapargylyjowa bilen ýygym wagty meýdanda gabatlaşanymyzda:

— Biziň 2 gektar kärende ýerimiz bar. Biz bu ýerimize bugdaýdyr pagtany her iki ýyldan gezekleşdirip ekýäris. Ekin dolanyşygyny alyp barmagymyz hem oňat netijesini berýär. Bu ýyl 2 gektar ýerimize ýazda gowaça çigidini irgözinden ekdik. Soňra maşgala agzalarymyz bolup agrotehnikanyň talaplaryna görä ideg işlerini alyp bardyk, bar gujur-gaýratymyzy gaýgyrman zähmet çekdik. Tehnika bilen etmeli işleri hem tejribeli mehanizatorlar ussatlyk bilen ýerine ýetirip, kärendeçileriň ýakyn ýardamçylary boldular. Şeýle hem daýhan birleşigimiziň başlygy Şöhrat Täçdurdyýew, pagtaçylyk boýunça agronomy Ýazgeldi Söýünow häli-şindi ýanymyza gelip, gerek kömekler bilen gyzyklanyp halymyzdan habar alyp durýarlar — diýip gürrüň berdi. Daýhan birleşiginde pagta ýygnamak işi bilen birlikde gant şugundyryna ideg etmek işi hem utgaşykly alnyp barylýar. Gant şugundyryny ýetişdirmekde tejribeli kärendeçileriň hatarynda tanalýan kärendeçileriň biri hem Sapa Akmyradowdyr. Bu kärendeçi üstümizdäki ýylda bugdaýdan boşan meýdanynyň 2 gektarynda süýjilik ekini ýetişdirdi. Idegi göwnejaý ýetirilen bu ekin göni hatarlary bilen daýhanyň göwün buýsanjyna öwrülýär.

Umuman, hojalykda işler utgaşykly alnyp barylýar. Kärendeçiler ir ertirden giç agşama çenli meýdanda bolmak bilen çekýän zähmetleriniň hözirini görýärler.

Durdynabat BAÝRAMOWA.
«Maru — şahu jahan».
SURATLARDA: kärendeçiler ekerançylyk meýdanlarynda.
Suratlary düşüren Şamyrat AMADOW.